Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Çap edildi 28.06.2025
78

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň milli binagärlik ýörelgeleriniň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň durmuşynda beýik maksatlar amala aşyrylýar. Şunda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýändigini bellemek ýakymly.

Gahryman Arkadagymyz ir bilen Arkadag şäherine geldi. Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalardaky işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Gahryman Arkadagymyz ilki bilen täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny, Arkadag şäheriniň ähli desgalarynyň, olaryň çäklerinde oturdyljak sütünleriň we beýleki binalaryň bezeg aýratynlygyna, uzakmöhletleýinliligine we serişdeleriň bezeg babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Soňra bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde gurulýan we durky täzelenýän desgalarda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligine, döwrebaplygyna möhüm ähmiýet berilýär.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde, D.Orazow Arkadag şäheriniň 2 ýyllygy mynasybetli şäheriň aragatnaşyk we internet ulgamyna ýokary tizlikli 5G (5ji) tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça degişli taýýarlyk işleriniň geçirilendigini we bu ýerde ozal hereket edýän 4G+ tehnologiýasynyň ornuna täze, häzirki zaman 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmaga ak pata bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

Bellenilişi ýaly, 5G tehnologiýasy aragatnaşygyň simsiz görnüşiniň bäşinji nesli hasaplanylýar. Ol ýokary tizlik derejesine we ägirt uly geçirijilik ukybyna eýedir. Şeýle hem onuň tizlik derejesi öňkä garanyňda 20 esse ýokarydyr.

Gahryman Arkadagymyz täze şäherde bina edilýän önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşyklarynda we binalary enjamlaşdyrmakda häzirki zamanyň täzeçil usullaryndan hem-de ösen tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanylmalydygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk ýagdaýyna we hil derejesine jogapkärçilikli çemeleşilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan binalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň iki ýyllygy mynasybetli aragatnaşyk we internet ulgamynda 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi. Munuň özi “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäheriň hukuk derejesine kybap gelýän çözgütdir. Bu tehnologiýa onlaýn maslahatlaryny geçirmekde, emeli aň mümkinçiliklerini ýola goýmakda, saglygy goraýyş ulgamynda bejeriş işleri geçirilýän pursatlarda maglumat alyşmak wagtyny tizleşdirmekde ähmiýetlidir.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ähli meýilleşdirilen işleriň ýokary derejede we kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň açylmagynyň iki ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen çäreler we olaryň guramaçylyk derejesi barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň hormatyna Arkadag şäheriniň ýüzlerçe maşgalalaryna ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň açylmagy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Munuň özi Arkadag şäheriniň häzirki döwürde ýeten derejesini, täze şäheriň ilatynyň bagtyýar durmuşyny we Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde amala aşyrylýan beýik maksatlaryň öz beýanyny tapýandygyny görkezýär.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan we gurulmagy teklip edilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Bu ýerde görkezilýän taslamalar barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu ýerde Ahalteke atlar şaýolunyň, Arkadag şäher seýilgähiniň, metjidiň girelgesiniň we onuň ýanaşyk ýerleriniň aýratynlyklaryna, seýilgähiň çäklerinde oturdyljak sütünleriň, oturgyçlaryň we beýleki serişdeleriň görnüşlerine degişli taslamalar görkezildi.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde görkezilýän taslamalar, täze şäheriň dynç alyş seýilgähiniň abadanlaşdyrylyşy, onuň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna we halkara görkezijilerine doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

Taslamalar we gurulmagy teklip edilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygy, onuň ýanýodalarynyň aýratynlyklary barada aýtdy we ýol ýakasynda oturdyljak bedewleriň şekilleriniň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, seýilgähde adamlaryň doly derejede dynç alyp bilmekleri, bu ýerde çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunda seýilgähiň çäklerindäki ähli desgalaryň, oturgyçlaryň we bassyrmalaryň arassaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we görkezilýän taslamalara birnäçe belliklerini aýtdy.

Görkezilýän şekil taslamalaryň hatarynda seýilgähiň çäginde gurulmagy teklip edilýän suw çüwdürimleri, olaryň howdanlarynyň bezeg aýratynlyklary barada hasabat berildi.

Gahryman Arkadagymyz seýilgähiň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän usullaryň ulanylmalydygyny, şunda häzirki zaman tejribesiniň utgaşykly özleşdirilmelidigini belledi. Aýratyn-da, seýilgähiň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän awtoduralgalaryň amatly ýerleşdirilmegine zerur üns berilmelidir.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan binalaryň bezeg aýratynlyklary barada aýdyp, onda millilige möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Aýratyn-da, täze metjidiň girelgesiniň binagärlik keşbi häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzda milli senetkärçiligiň ýokary derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan küýzegärlik hünärine degişli önümleriň birnäçe görnüşleri görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda agaç we beýleki serişdeler, olaryň bezegi bilen meşgullanýan ussalaryň milli neçjarçylyk, küýzegärlik däplerine esaslanýan usullaryň netijeli peýdalanylýandygyny belläp, bu ugurlaryň geljek nesiller üçin ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz täze şäherde öňde boljak şanly seneleriň hormatyna gelin-gyzlarymyzyň el işlerine degişli serginiň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden amaly-haşam sungatyna, milli keşdeçilik usullarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmegine we ýaşlaryň bu ugurlara bolan höwesiniň artmagyna ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz täze şäherde alnyp barylýan giň möçberli işleriň degişli derejede we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy.

Soňky habarlar
29.06
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
29.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli gutlagy
29.06
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
28.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
28.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.06
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
28.06
Gahryman Arkadagymyz «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.06
Gahryman Arkadagymyz “Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
27.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
27.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow