Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli gutlagy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli gutlagy
Çap edildi 29.06.2025
1646

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Häzirki döwürde ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda taryhy işler durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklary yzygiderli ösdürilýär. Garaşsyz ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi halkymyzyň agzybirliginden, jebisliginden nyşandyr. Bu wakalar Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk dabarasyny has-da artdyrýar. Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar hem ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolup durýar.

Eziz watandaşlar!
Hormatly Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary!

Pursatdan peýdalanyp, Sizi sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan Arkadag şäheri döwletimiziň ykdysady rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny alamatlandyrýar.

Hormatly adamlar!

Ynsanyň ady üç zat: ýetişdiren perzentleri, ýazan kitaplary, guran binalary bilen ebedi ýaşaýar. Arkadag şäheri hem mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen ýazylan kämil sungat eseridir. Arkadag şäheri milli binagärligiň merjeni, ajaýyp nusgasydyr. Arkadag şäheri gojaman Köpetdagyň jana şypaly tebigaty bilen sazlaşýan, ynsan eli bilen döredilen gözelligiň ajaýyp beýanydyr. Arkadag şäheriniň gurulmagy bilen, raýatlarymyzyň müňlerçesi täze iş orunlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi. Bu bolsa her bir adamy, maşgalany goldamak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň rowaçlanýandygyny görkezýär.

Eziz watandaşlar!

Arkadag şäheri «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan edara we durmuş maksatly desgalary özünde jemleýär. Geçen iki ýylda täze şäherde ýaşaýyş-durmuş, zähmet hem-de dynç alyş ulgamlary ýokary derejede üpjün edildi.

Binalaryň daş-töweregi abadanlaşdyryldy. Täze şäherde bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyryldy. Ýaşaýjylar üçin zerur bolan durmuş amatlyklary döredildi. Döwrebap çagalar baglary, umumybilim berýän orta mekdepler, häzirki zaman lukmançylyk edaralary, saglyk öýleri, sport hem-de medeni, söwda maksatly desgalar hem guruldy. Bu ýerde döwrebap ýol-ulag düzümi döredildi. Durmuş, aragatnaşyk, şeýle hem häzirki zaman ulaglarynyň hyzmatlary talabalaýyk ýola goýuldy. Umuman, bu ajaýyp künjekde şäher ilatynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi.

Täze şäheriň ekologiýa taýdan arassa bolmagy üçin hem köp işler amala aşyryldy. Arkadag şäherine bu ugurda abraýly halkara guramalar tarapyndan köp sanly güwänamalaryň berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly adamlar!

Häzirki wagtda Arkadag şäherini ekologiýa taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär. «Akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Gurluşygyň bu tapgyrynda hem ýene-de ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, senagat önümçilikli desgalar, medeni-durmuş maksatly binalar gurlup, 2027-nji ýylda ulanmaga berler.

Biz geljekde hem Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen ägirt uly işleri durmuşa geçireris. Halkymyzyň agzybirlikde çekýän zähmeti netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha artdyryp, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrarys.

Eziz watandaşlar!
Hormatly Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenýän Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, mundanam beýläk täze-täze zähmet üstünliklerini tüýs ýürekden arzuw edýärin.

(Arkadag şäheri, 2025-nji ýylyň 28-nji iýuny)

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow