Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan Kararnama kabul edildi
Syýasy habarlar
YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan Kararnama kabul edildi
Çap edildi 23.06.2025
1841

Şu ýylyň 21-22-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Stambulda geçirilen YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşygyň çäklerinde syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy ugurlary öz içine alýan möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň gün tertibinde YHG-syna agza ýurtlarda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meselelere aýratyn orun berildi. Türkmenistanyň wekili forumda eden çykyşynda YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, guramanyň ähli agza döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary güýçlendirmegiň ýurduň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýändigini belledi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmeginiň Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky işleriniň ykrarnamasynyň aýdyň beýanyna öwrülendigi nygtaldy.

22-nji iýunda geçirilen YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 51-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «YHG-nyň giňişliginde we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde we berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny hakynda» Kararnama biragyzdan kabul edildi. Resminamada syýasy-hukuk guraly hökmünde bitaraplygyň halkara hem-de sebit durnuklylygyny berkitmäge ýardam edýändigi, döwletleriň arasynda parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýändigi nygtalýar. YHG-nyň meýdançasynda bu Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň özara ynamy berkitmäge, dialogy ilerletmäge, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen parahatçylyk döredijilikli syýasy strategiýasynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýändiginiň we goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

***

YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça aýratyn ähmiýetli çäre — «Parahatçylyk we ynanyşmak: yslam dünýäsinde agzybirligiň we durnuklylygyň esaslary» atly “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Çärä jemi 100-e golaý wekil gatnaşdy. Şolaryň hatarynda YHG-syna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň, abraýly halkara guramalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, tanymal syýasatşynaslar, žurnalistler bar.

“Tegelek stol” maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň diňe bir ýurdumyzyň milli bähbitlerine laýyk gelmän, eýsem, sebit we ählumumy ölçeglerde hem howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmekde, parahatçylygy üpjün etmek üçin täsirli gural bolup çykyş edýändigi bellenildi. Çärä gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn goşant goşýar.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow