Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 22.06.2025
1627

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Ruhy ähmiýete eýe bolan Gurban baýramy yslam gymmatlyklarynyň mizemezliginiň beýany bolmak bilen, tagallalarymyzy birleşdirmäge, işjeňleşdirmäge hem-de halklarymyzyň abadançylygyny, geljek nesilleriň nurana durmuşyny üpjün etmek işine umumy ygrarlylygymyzy tassyklamaga çagyrýar.

Goý, Beýik Biribar doga-dileglerimizi, sogap işlerimizi öz dergähinde kabul etsin we Size hem-de Türkmenistanyň halkyna bu mukaddes baýramyň ähli sahawatyny, yslam dünýäsine mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk, jebislik eçilsin!

Belent doganlyk hormaty hem-de hoşallyk duýgulary bilen,

Abdel Fattah Al-Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Beýik Biribardan Size we Siziň ýakynlaryňyza, Türkmenistanyň doganlyk halkyna abadançylyk, rowaçlyk dileýärin.

Gurban baýramy sahawatlylyk, minnetdarlyk, duýgudaşlyk gymmatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ruhy tämizligi alamatlandyrýar. Goý, Beýik Biribar biziň doga-dileglerimizi hem-de sadakalarymyzy kabul etsin! Goý, bu baýram biziň ýurtlarymyz, ähli musulman ymmaty üçin parahatçylyk, abadançylyk, ösüş eýýamynyň gapylaryny giňden açsyn!

Pakistan we Türkmenistan ynanyşmak, özara hormat goýmak, ösüş ruhunda hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyna esaslanýan doganlyk gatnaşyklary saklaýarlar. Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammad Şahbaz Şarif,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow