Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Sebitde suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Jemgyýet
Sebitde suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 26.01.2017
1788

Şu gün oba hojalyk toplumynyň maslahatlar zalynda Suw hojalygy döwletarautgaşdyryjy toparynyňnobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Orta Aziýa ýurtlarynyň pudaklaýyn ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Suw hojalygy döwletara utgaşdyryjy toparyAraly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň düzüm edaralarynyň biri bolup durýar we bu topar sebitiň ýurtlarynyň Aral deňzini goramak we gaýtadan dikeltmek, onuň ýakasynyň ekologiýa ýagdaýyny abadanlaşdyrmak, şeýle hem sebitiň umumy durmuş-ekologiýa meselelerini çözmek boýunça bilelikdäki hereketlerinde ylalaşykly çemeleşmeleri emele getirmek hem-de iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen döredildi. Toparyň şu gezekki mejlisi Türkmenistanyň Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyna ýakyn üç ýylyň (2017-2019) dowamynda başlyklyk edip başlanyndan soň goňşy ýurtlaryň suw hojalykçylarynyň ilkinji duşuşygydyr. Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, suwdan rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar, bu bolsa öz gezeginde sebitde ekologiýa abadançylygyny saklamak we daşky gurşawy goramak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu meselede Türkmenistan işjeň orny eýelemek bilen, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyzyň suw üpjünçiliginiň umumywezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda suwarymly ekerançylykda suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, suw desgalaryny gurmagyň we ulanmagyň baý tejribesi toplanyldy. Suw serişdelerinden durnukly peýdalanmagyň, suw desgalaryny gaýtadan dikeltmek we olaryň ýagdaýyny gowulandyrmak mesleleriniň deňeçer çözgüdini tapmakda şu ýyl güýje giren Türkmenistanyň Suw kodeksine aýratyn orun degişlidir. Sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny hasaba almak bilen, bitewi suw hojalyk syýasatyny işläp düzmek, suwdan rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek, suw serişdeleriniň hilini gowulandyrmak we möçberleriniň anyk hasabyny ýöretmek, suw serişdelerini paýlamakda awtomatik enjamlary ornaşdyrmak, derýalaryň hanalarynyň suw üpjünçiligini artdyrmak boýunça maksatnamalary işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça çäreler Suw hojalygy döwletara utgaşdyryjy toparynyň wezipelerine girýär. Duşuşygyň barşynda, oňa gatnaşyjylar dostlukly goňşy ýurtlaryň - Suw hojalygy döwletara utgaşdyryjy toparyň agzalarynyň tutuş sebit üçin möhüm bolan suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak ýaly meseläniň çözgüdinde ylalaşykly çemeleşmeleri gözlemek boýunça netijeli gepleşikleriň ýetilen derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Hususan-da, mejlisde 2016-njy ýylyň ekinleri suwaryş döwrüniň jemlerine, şeýle hem suw toplamagyň bellenilen möçberleriwe Syrderýanyň we Amyderýanyň kenarlaryndaky suw howdanlarynyň doldurylyşynyň çaklama möçberlerine garaldy, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi olaryň derejesine bagly bolup durýar. Şeýle hem serhetüsti suw serişdelerini bilelikde dolandyrmak boýunça Toparyň işiniň şu ýyl öňde boljak 25 ýyllygy mynasybetli taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýygnananlar Suw hojalygy döwletara utgaşdyryjy toparyň geljekki mejlisiniň gün tertibine garamak bilen, bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky pikiri beýan edip, toplanylan oňyn tejribäni hem-de öňdebaryjy halkara tejribesini peýdalanmakda pikir alyşmaga umumy gyzyklanmany tassykladylar.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow