Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 16.06.2025
1959

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alenka Suhadolnikden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Sloweniýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda dünýä ýurtlary, şol sanda Ýewropa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine üns çekildi. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar boýunça ösdürilýän gatnaşyklaryň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alenka Suhadolnik mähirli kabul edilendigi hem-de netijeli duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, hanym Alenka Suhadolnigi Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Siziň Alyhezretiňizden hanym Alenka Suhadolnigi mähirli kabul etmegiňizi we onuň Sloweniýa Respublikasynyň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize abadançylyk, Türkmenistana bolsa gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Nataşa PIRS-MUSAR,

Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow