Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr
Hepdäniň wakalary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr
Çap edildi 08.06.2025
212

Belent ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanmasynyň nyşany bolan Gurban baýramynyň asylly dessurlaryna beslenen geçen hepde möhüm ähmiýetli şanly wakalara baý boldy. Şol wakalarda ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak ugrunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary aýdyň beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň güneşe baý tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Gurban baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: “Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen nesilleriň hem-de döwürleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýän, halkymyzyň dünýägaraýşyna düýpli ornaşan hem-de ynsanperwerligi, agzybirligi, haýyr-sahawatlylygy, ak ýürekliligi, lebzihalallygy, zähmetsöýerligi, ruhy we ahlak arassalygyny dabaralandyrýan durmuş ýörelgelerimiz, milli gymmatlyklarymyz halklary baglanyşdyrýan we doganlaşdyrýan köprä öwrüldi” diýlip bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa döwlet saparynyň çäklerinde, 2-nji iýunda Ulan-Bator şäherinde iki dostlukly döwletiň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen, türkmen-mongol hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ileri tutulýan ugur hökmünde uly orun berildi. Şunda Aziýadan Ýewropa çenli halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça bilelikdäki işlerde iki ýurduň tagallalaryny birleşdirmegiň geljeginiň uludygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mongoliýany awgust aýynda Awazada döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesinde geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň işine gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Ulan-Batorda ýerleşýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezi bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Energetikada we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Parlamentara hyzmatdaşlygyň meselelerine hem giňişleýin garaldy. Şunuň bilen birlikde, ylym-bilim we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, sport we syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklaryň möhümdigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Mongoliýanyň Prezidentini ýurdumyz üçin iki şanly sene — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça, söwda, ykdysadyýet we maýa goýumlar, ýeňil senagat, ylym, bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen 14 sany resminama, şol sanda Aşgabat şäher häkimligi bilen Ulan-Bator şäheriniň merliginiň arasynda Aşgabat şäheriniň we Ulan-Bator şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ähtnama gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyz saparynyň çäklerinde şol gün Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky döwletara dialogyň taryhynda täze möhüm tapgyry açan ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtap, hususan-da, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hasabyna iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň maksat edinilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa döwlet saparynyň çäklerinde Ulan-Batorda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi. Maýa goýum işi, ulag we logistika, aragatnaşyk, dokma senagaty, oba hojalygy, işewürlik gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şeýle hem Mongoliýada ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, türkmen halylarynyň sergi-ýarmarkasy hem-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti guraldy.

3-nji iýunda Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Saglyk ýolunyň ýanyndan badalga alan giň gerimli sport çäresi ajaýyp Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry boýunça uzap, paýtagtymyzyň merkezinde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Bu çärä Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Welosipedçileriň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň agzalary, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri hem bar.

Welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hem-de şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, ekologik gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek, ilatymyz üçin oňaýly durmuş şertlerini döretmek boýunça işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Jemi içerki önümiň ösüşi hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Ýurdumyzda ähli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Iri senagat toplumlarynyň we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki binalaryň we desgalaryň gurluşygy netijeli dowam edýär.

Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň pileçilerini gazanan zähmet ýeňşi bilen gutlady. Olar döwlete 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem mejlise gatnaşyjylary we ähli halkymyzy gadymdan gelýän medeni-ruhy mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi. Gün tertibine şeýle hem Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy hem-de parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Döwlet Baştutanlary birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler hem-de mübärek günlerde beriljek sadakalaryň, doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler. Prezident Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza dogaýy salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, dost-doganlyga esaslanýan, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Geçen hepdäniň beýleki wakalary barada aýdylanda, 4-nji iýunda ýurdumyzda hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda şu ýylyň galla oragy möwsümine badalga berildi. Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary orak möwsümine girişdiler. 11-nji iýunda bu jogapkärli işe Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem goşularlar. Şu ýyl gallaçylaryň öňünde 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna ak bugdaý hasylyny ýygnamak wezipesi goýuldy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Daşary işler ministrligi we Balkan welaýat häkimligi tarapyndan guralan çärä gatnaşmak üçin «Awaza» akwaparkyna Hökümet agzalary, halkara guramalaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri, halk saz gurallarynda sazlary ýerine ýetirijiler, Eýrandan, Hindistandan, Täjigistandan, Özbegistandan medeniýet we sungat işgärleri, tans toparlary, alymlar we hünärmenler, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary ýygnandylar. Akwaparkyň sahnasynda geçirilen bilelikdäki konsertde dürli halklaryň saz sungatynyň köpöwüşginli äheňleri öz beýanyny tapdy, milli aýdymlar ýerine ýetirildi we gadymdan gelýän däpleriň özboluşlylygy şöhlelendirildi. Festiwalyň çäklerinde «Daýanç» sagaldyş we dynç-alyş merkeziniň mejlisler zalynda folklor sungatyny we halk tansynyň däplerini öwrenmäge bagyşlanan «Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy» atly halkara maslahat geçirildi. Döredijilik duşuşyklary, horeografiýa boýunça ussatlyk sapaklary hem guraldy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda utgaşykly görnüşde «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.

Maslahatyň jemleri boýunça degişli resminama kabul edildi. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljek strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümindäki kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda onlaýn duşuşyklar geçirildi.

Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň edara binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça öňde duran wezipeler we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalarynda ykdysadyýetiň durnukly ösüşini has-da pugtalandyrmak, jemgyýetiň ekologiýa babatdaky dünýägaraýşyny we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmek, türkmenistanlylaryň abadan ýaşaýşy, netijeli zähmet çekmegi üçin oňaýly şertleri döretmek, oňyn halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş maksatlary özüniň aýdyň beýanyny tapdy.

Soňky habarlar
10.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.06
Söwda ulgamynyň ösdürilmegi — milli ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň möhüm şerti
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr
08.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.06
Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilýär
06.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
06.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow