Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 06.06.2025
1973

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi yslam dünýäsiniň esasy baýramlarynyň biri, ruhy bitewüligi, jebisligi we asylly maksatlary özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy we toý-baýramlarymyzy täze taryhy döwrümizde wagyz etmekde, giňden ýaýbaňlandyrmakda alyp barýan döwletli işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň Permanyňyza laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gurban baýramy döwlet derejesinde üç günüň dowamynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlarymyzyň baýramçylyk meýdançalarynda, medeni-dynç alyş merkezlerinde, ähli şäherlerimizdir obalarymyzda baý öwüşgindäki aýdym-sazly, medeni-jemgyýetçilik dabaralary, haýyr-sogaply çäreler ýaýbaňlandyrylyp bellenilýär. Gurban baýramynyň bezegine öwrülen hiňňildikleriň bady ýatmaýar.

Türkmenleriň milli ynsanperwerlik ýörelgelerine gabat gelýän bu ajaýyp baýramçylygyň hoşniýetlilige we päkýüreklilige çagyrýan däpleri ajaýyp Garaşsyz Watanymyzyň nurana geljegine bolan ynamy pugtalandyrmak bilen, parahatçylygyň sazlaşygyna, ýurdumyzyň döredijilik başlangyçlarynyň dabaralanmagyna ýardam edýär hem-de çuňňur mana eýe bolýar. Gurbanlyk Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň asyrlarboýy kämilleşdirip we nesilden-nesle geçirip gelen medeni-ruhy mirasyny, ahlak ýörelgelerini, ynsanperwerlik we dostluk hakyndaky dünýägaraýyşlaryny, däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny özünde jemleýän, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan ajaýyp baýramdyr. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan bu baýram bizi döredijilikli täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň belleýşiňiz ýaly, Gurban baýramy bütin dünýäde dogruçyllygy we päkligi ündeýän, agzybirligi, jebisligi dünýä ýaýýan, jemgyýetde ählumumy ruhubelentligi döredýän gadymy baýramdyr. Adamzadyň medeni ösüşiniň belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramynyň milli däp-dessurlarynyň binýady köpasyrlyk taryhy bolan halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýar. Bu baýram türkmeniň haýyr-sahawatlylyk, ýokary ruhy-ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrýar. Many-mazmunyna milli däp-dessurlarymyz, ynanç-adatlarymyz siňen Gurban baýramy bu gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijiligiň we ösüşleriň ýoly bilen öňe — beýik geljege barýandygyny alamatlandyrýar we jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýyp, watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siz ýurdumyzda ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezip, milli däp-dessurlarymyzy döwrebap ösüşe ýugrup, durmuşa ornaşdyrmak üçin uly aladalar edýärsiňiz. Siziň milletiň ruhuny galkyndyrmak, türkmenleriň gadymy däplerini dikeltmek baradaky aladalaryňyzyň netijesinde, ýurdumyzda adamlaryň ata-babalarymyzyň däplerine eýerip, mukaddes borçlaryny ýerine ýetirip bilmegi üçin hemme şertler döredildi. Gurban baýramy mynasybetli ýurdumyzyň wekillerinden ybarat topar doganlyk Saud Arabystany Patyşalygyna mukaddes Mekgede haj amallaryny berjaý etmekleri üçin zyýarata iberildi. Halkymyzyň sygnyp gelen watansöýüjilik we ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk hem-de päk ynsaplylyk ýaly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek bilen, watandaşlarymyzyň namaz okamaklary, oraza tutmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi her bir şahsyýetde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularynyň kemala gelmegine oňyn täsir etmek bilen, jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösýändigini aýdyň tassyklaýar.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi mukaddes Gurban baýramy mynasybetli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Goý, Gurban baýramynda etjek ähli doga-dilegleriňiz, berjek gurbanlyk sadakalaryňyz hem-de okajak baýram namazlaryňyz Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow