Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 05.06.2025
2140

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly goňşy döwletiň Prezidenti mähirli salamlaşyp, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler hem-de mübärek günlerde beriljek sadakalaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.

Prezident Masud Pezeşkian Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza dogaýy salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Şeýle hem dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň möhüm ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Masud Pezeşkiana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de Gurban baýramy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, taryhy we medeni umumylyklary bolan iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar müňlerçe ýyllara uzap gidýär.

Söhbetdeşler häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz we dostlukly ýurduň Prezidenti iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Prezident Masud Pezeşkian döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy, şeýle hem ähli türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramy mynasybetli ýene bir gezek gutlap, bu mübärek günlerde beriljek sadakalaryň we ediljek doga-dilegleriň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow