Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 03.06.2025
1857

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi parahatçylygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, ýurdumyzyň sport abraýyny berkitmek ugrunda alyp barýan beýik işleriňiz, bedenterbiýe, sport-sagaldyş we milli Olimpiýa hereketlerini ösdürmek babatdaky ynsanperwer başlangyçlaryňyz hemişe rowaç bolsun!

Hormatly Prezidentimiz!

Bütindünýä welosiped güni dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan baýram hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen welosiped sportunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde sportuň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge doly laýyk gelýän hem-de Halkara welosipedçiler bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Welotrek binasy gurlup ulanmaga berildi. Şeýle-de paýtagtymyzyň gözel künjeginde köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge hem-de Olimpiýa hereketine ygrarlylygymyzy alamatlandyrýan «Welosiped» binasy guruldy. 2018-nji ýylda «Aşgabat» stadionynda welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň, 2019-njy ýylda Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň geçirilmegi, bu iki çäräniň hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygynyň güwäsidir.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamanyň, şeýle hem «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde paýtagtymyzy «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi, Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi hem-de degişli güwänamanyň gowşurylmagy, şeýle hem «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýeňiş gazanmagy ýurdumyzyň sport başlangyçlarynyň, adam saglygyny goramak babatdaky ýörelgeleriniň dünýä bileleşiginde uly ykrarnama eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwrümizde türgenleri, hünärmenleri, tälimçileri taýýarlamagyň, sport ýaryşlaryny geçirmegiň usulyýetleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda guralýan iri sport ýaryşlary, türkmen türgenleriniň abraýly halkara bäsleşiklerde gazanýan ýeňişleri bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň sport hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejelere çykarylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, BMG-niň Ösüşiň we parahatçylygyň býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, halkara we sebitara guramalar bilen hyzmatdaşlygy barha giňeltmegi ýurdumyzyň sport abraýyny has-da dabaralandyrýar.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, bu ajaýyp halkara baýram sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy şan-şöhrata beslesin, agzybir halkymyzyň durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow