Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisine gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisine gatnaşyjylara
Çap edildi 25.05.2025
2101

Çeper elli mähriban halyçylar!
 Hormatly myhmanlar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän hem-de milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen zenanynyň zehininden, akyl-paýhasyndan dörän, nepisligi, müň dürli öwüşgini, tebigylygy, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gözellik nusgasydyr. Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýaraşygydyr, törlerimiziň bezegidir, halkymyzyň guwanjydyr. Ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň çeper ellerinden dörän bu gadymy sungatymyz dünýäde doly ykrar edilýär. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu gadymy senedi ebedileşdirmek ugrunda amala aşyrylan uly işleriň biridir.

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly halyçylar!

Türkmen halysy halkymyzyň gadymy sungaty bolup, onda ruhy gymmatlyklarymyz öz aýdyň beýanyny tapýar. Zenan yhlasyny, dünýägaraýşyny, ýürek arzuwlaryny göllerdir nagyşlaryna siňdiren haly bize ata-babalarymyzyň ýaşaýyş gymmatlyklary hakynda düýpli düşünjeleri berýär. Nepisligi, inçeligi, ajaýyplygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna egsilmez söýgüsi jemlenendir.

Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr. Merdana halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny, dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň özboluşly alamatydyr.

Hormatly halyçylar we halyşynaslar!
Gadyrly myhmanlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek, halylaryň täze nusgalaryny döretmek, gadymy asyl nusgalaryny aýawly saklamak, dikeltmek üçin möhüm şertler döredilýär. Täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilip, olarda halyçy gelin-gyzlarymyzyň işlemegi we dynç almagy üçin ähli zerur tagallalar edilýär. Çeken yhlasly zähmeti bilen hemmelere görelde bolýan ussat halyçy zenanlarymyzyň zähmetine döwletimiz tarapyndan mynasyp ýokary baha berilýär, olara hormatly atlar dakylyp, gymmat baha sowgatlar gowşurylýar. Biz geljekde hem ellerinden dür dökülýän zehinli halyçy zenanlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we dünýä meşhur türkmen halylaryny dokamaklary üçin ähli şertleri dörederis.

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly halyçylar!

Sizi toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, halyçylyk sungatymyzy ösdürmek, dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, çeper elli, uz barmakly halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun!

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow