Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwal badalga aldy
Medeniýet
Türkmenistanda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwal badalga aldy
Çap edildi 19.05.2025
5290

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Fransiýadan, Eýrandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan kompozitorlar, dirižýorlar, opera aýdymçylarydyr sazandalar bu çärä gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ählumumy durnukly ösüşe goşant goşup, dünýä döwletleri bilen dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklary alyp barýar. Şunda halklaryň özara düşünişmegine ýardam edýän medeni dialoga aýratyn orun berilýär. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygaryna hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bu halkara festiwal hem Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolan medeni diplomatiýany ilerletmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli işler bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýar, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýän başlangyçlar bilen çykyş edýär. Ýurdumyz giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp baryp, dünýäniň dürli ýurtlary we iri halkara guramalar bilen giň möçberli dialogyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň meşhur türkmen sazandasy Şükür bagşy barada söz açýan «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynyň özenini hem sungatyň parahatçylyk döredijilikli wezipesi baradaky pikiriň düzýändigini bellemek gerek.

Mukamlar köşgüne medeniýet ulgamynyň ýolbaşçy düzümi, ugurdaş edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar ýygnandylar. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda: “Häzirki wagtda biz milli medeniýetimizi we sungatymyzy kämilleşdirmek, medeni ulgamda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek ugrunda tutumly işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara festiwallar, konsertler, döredijilik forumlary türkmen halkynyň medeniýetde we sungatda gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmekde, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakda, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir” diýlip bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň hem dünýä halklarynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmäge, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny ilerletmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri we Döwlet hory tarapyndan ýerine ýetirilen “Türkmenistan” atly aýdym halkymyzyň jebisliginiň waspy bolup ýaňlandy. Soňra konsert ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Olaryň bilelikde ýerine ýetiren aýdymlarynda, kompozisiýalarynda parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri öz beýanyny tapdy. Konsertde dürli opera aýdymlary, şol sanda dünýäniň dürli opera mekdepleriniň aýdymçylyk däpleriniň seýrek görnüşleri ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar Özbegistanyň, Hytaýyň, Ermenistanyň artistleriniň ýerine ýetiren “Nowruz alawlary”, “Unabi», «Marali», «Şuşiki” saz eserlerini, “Saňa garaşaryn” ýaly aýdymlary uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. “Aleko” operasyndan “Zemfiranyň ariýasy” atly ariýa, şeýle hem kompozitor Nury Halmämmedowyň sazyna döredilen “Haýrana galar” atly aýdym konsertiň özboluşly bezegine öwrüldi. Aýdymçylaryň ýokary ussatlyk derejesinde ýerine ýetiren çykyşlary tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Özbek artistleriniň “Maýsaranyň hokgalary” operasyndan ýerine ýetiren “Çubonaliniň aýdymy”, azerbaýjan artistleriniň “Arşin mal alan” operettasyndan “Gülçohranyň aýdymy” hem täsirli boldy.

Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasyndan gelen aýdymçynyň Aşgabada bagyşlanan “Meniň Aşgabadym” atly aýdymy tomaşaçylarda aýratyn ýakymly duýgulary döretdi. Artistleriň çykyşlarynda halkara festiwalyň medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga, dostluga we ylalaşyga gönükdirilen esasy ideýasy öz beýanyny tapdy. Olar umumy maksatdan ruhlanyp, ýerine ýetirilen her bir esere öz zehinini, ukyp-başarnyklaryny siňdirdiler. Konsert “Türkmen sährasy” atly aýdym bilen jemlendi. Tomaşaçylar bu aýdymy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Munuň özi halkymyzyň parahatçylygyň, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyza bolan ägirt uly buýsanjyny görkezdi.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda halkara festiwalyň açylmagy mynasybetli sergi ýaýbaňlandyryldy.

Festiwalyň çäklerinde myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine, beýleki gözel ýerlerine gezelençler guraldy. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň 20-nji maýda geçirilmegi meýilleşdirilýän döredijilik duşuşyklary, meşhur artistleriň sazçylyk mekdepleriniň okuwçylary üçin ussatlyk sapaklary bu giň möçberli medeni çäräniň ähmiýetini has-da artdyrar. «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwal ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gala konserti bilen tamamlanar.

Soňky habarlar
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
05.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda
04.12
Parahatçylyk we ynanyşmak — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň berk binýady
04.12
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda
03.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.12
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow