Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Watanymyzyň şanyna sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti
Medeniýet
Watanymyzyň şanyna sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti
Çap edildi 18.05.2025
5545

Şu gün «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Berkarar döwletimiziň binýadyny, halkymyzyň demokratik ýoluny alamatlandyrýan bu ählihalk baýramy halkymyzyň jebisligini has-da pugtalandyrýar.

Watanymyzyň mizemez nyşanlary bolan Esasy Kanunymyz we asmanda parlaýan baýdagymyz jebisligimiziň, buýsanjymyzyň we beýik mertebämiziň kepili bolmak bilen, şöhratly geçmişimizi, abadan şu günümizi, röwşen geljegimizi özünde jemleýär. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda: “Biz döwlet we syýasy gurluşyň milli hem-de dünýä tejribesiniň esaslaryny, umumadamzat gymmatlyklary siňdirilen Esasy Kanunymyza daýanyp, şeýle hem ýaşyl tugumyzyň astynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrýarys. Mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagynyň, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna giň gerimli özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys” diýip belleýär.

Bahar agşamynyň ajaýyp pursatlarynda paýtagtymyzdaky üsti açyk sahna meýdançasynda şowhunly baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar. Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini dünýä ýaýmaga ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň hem saldamly goşant goşýandygyny bellemek gerek. Häzirki döwürde medeni diplomatiýa döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly bolup durýar. Konsert Watanymyza söýginiň, milli tugumyza buýsanjyň senasy bolup ýaňlanan «Başym gurban bolsun Türkmenistana, başym gurban Arkadagly Serdara, başym gurban parlap duran tuguma, başym gurban bolsun Arkadagyma!» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Özünde aýdym-saz we tans sungatyny jemleýän bu çuň many-mazmunly sahna eseri dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra konsert meşhur aýdymçy-sazandalaryň, tans we folklor toparlarynyň ýerine ýetiren özboluşly çykyşlary bilen dowam etdi.

Tomaşaçylar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary hem-de meşhur aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilen “Türkmen baýdagy” atly aýdymy aýratyn şowhun bilen garşyladylar. Soňra Watanymyza çuňňur hormaty beýan edýän “Alkyşnama” aýdymy ýerine ýetirildi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dutarçy bagşylar topary we beýleki aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilen “Alkyş aýdýas Arkadagly Gahryman Serdarymyza” atly çykyş konsertiň şowhunyny has-da artdyrdy. “Şowhun” çagalar toparynyň, “Serpaý” folklor-tans toparynyň ýerine ýetiren “Nagmalar” atly kompozisiýasynda türkmen halkynyň baý halk döredijiligi öz beýanyny tapdy. Şeýle hem tomaşaçylarda buýsanç duýgusyny döreden “Parla, ýaşyl baýdagym!”, “Ýaşyl tugumyz hem Baş Kanunymyz” atly aýdymlar ýerine ýetirildi.

“Arkadagyň parasady, paýhasy — parahatlyk, ynanyşmak binýady” atly aýdymda artistler ýurdumyzda parahatçylygyň we ynanyşmagyň berk binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýol-ýörelgesini wasp etdiler. Soňra sahnada “Miras” folklor-tans topary tarapyndan gadymy küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda bu gadymy aýdym we tans dessury täze öwüşgine eýe boldy. Konsert maksatnamasy “Parahatlyk, ynanyşmak şuglasy, baky belentdedir tugy, tugrasy” atly aýdym bilen jemlendi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de ýaýbaňlandyryldy. Olarda Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow