Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady
Syýasat habarlary
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady
Çap edildi 16.05.2025
716

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde hormatly myhman hökmünde  “Russiýa—Yslam dünýäsi: KazanForum-2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşar. 

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. 

Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagyna ýurdumyz Russiýa Federasiýasy we Yslam dünýäsi bilen köpugurly gatnaşyklary saklamak,  syýasy, ykdysady, söwda, medeniýet we gumanitar ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan seredýär.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlyk bu prosessiň möhüm tarapy bolup durýar. Olaryň arasynda Tatarystan Respublikasy güýçli gor-senagat mümkinçilikleri, şeýle-de iki doganlyk halklaryň arasyndaky taryhy arabaglanyşyk sebäpli aýratyn orun eýeleýär.

Soňky wagtlarda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky gatnaşyklara olary täze hilli derejä çykarýan goşmaça kuwwatly itergi berildi.

Ykdysadyýet, söwda we ulag pudaklarynda Tatarystanyň edara-kärhanalary we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk netijeli ösýär. Oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän senagatda geljekki ähmiýetli  mümkinçilikler açylýar. Bilim, ylym, medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky köptaraply we netijeli gatnaşyklar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategiki hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm bölegi bolup çykyş edýär.

Şonuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazana bolan saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Russiýanyň ýolbaşçylary, Russiýanyň hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklarynyň meýilleşdirilýändigi kanunalaýykdyr.

Türkmenistanyň Kazan forumyna wekilçilikli gatnaşmagynyň her ýyl oňa gatnaşyjylaryň arasynda biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmany artdyrýandygyny, Türkmenistanyň Yslam dünýäsinde barha artýan abraýyna, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işinde konstruktiw we döredijilikli ornunyň ykrar edilmegine şaýatlyk edýändigini aýtmak gerek. Hususan-da, ýöriteleşdirilen düzümleriň – Yslam Ösüş Bankynyň we Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam guramasynyň işleriniň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlara we tekliplere berilýän ýokary baha munuň subutnamasydyr. Türkmenistan bu guramalarda işlemegiň uly we oňyn tejribesini hyzmatdaşlary bilen, şol sanda “KazanForum” forumynyň meýdançalarynda hem paýlaşmaga taýýar.

Forumyň çäklerinde her ýyl geçirilýän “Russiýa Halal Expo 2025” halal senagatynyň halkara sergisi geçirilýär. Hemişe bolşy ýaly, şu ýyl hem bu sergide Türkmenistanyň milli ekspozisiýasy köp görnüşliligi, bollugy bilen tapawutlanýar hem-de gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň gyzyklanmasyny döredýär. Onda milli senagatyň we oba hojalygynyň dürli pudaklaryny görkezýän türkmen öndürijileriniň önümleriniň köp görnüşi görkezilýär. Bilermenleriň pikiriçe, türkmen önümleri iň ýokary hilli bolup, olar iň gowy dünýä standartlaryna laýyk gelýär. Soňky ýyllarda türkmen önümleriniň Russiýa eksportynyň durnukly ösüşi gazanylýar. Türkmen ekspozisiýasynyň Kazandaky üstünligi hyzmatdaşlygy giňeltmek we beýleki ýurtlar bilen hem işewürlik we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin mümkinçilikler açýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kazana sapary, geçiriljek duşuşyklar we gepleşikler türkmen-rus döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we çuňlaşdyrmak prosessinde möhüm waka bolar, şeýle hem ýurdumyzyň Yslam dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklaryny ep-esli pugtalandyrar, birek-birege hormatly, konstruktiw we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze şertleri döreder.

Soňky habarlar
06.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
06.07
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
05.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.07
Döwlet Baştutanymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Jemgyýetde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny
03.07
«Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň ýörite sany
03.07
Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
top-arrow