Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekillerini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekillerini kabul etdi
Çap edildi 14.05.2025
2305

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýegi kabul etdi.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň wekillerini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, BAE-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmanlaryň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň netijeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de olaryň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli alnyp barylýar. Iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk ýokary derejedäki saparlardyr gepleşikler arkaly has-da berkidilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini, bu ugurda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň «ADNOC» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem soňky ýyllarda Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe we maýa goýum edaralarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda birnäçe taslamalaryň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklap, dostlukly döwletiň wekillerine jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow