Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 02.05.2025
156

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Ýewropanyň we Aziýanyň söwda-ulag ýollarynyň wajyp çatrygynda ýerleşýän Türkmenistana üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi bu ulgamda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawlary netijesinde paýtagtymyzda we welaýatlarda häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär, öňdebaryjy öndürijileriň täze awiatehnikalarynyň satyn alynmagynyň hasabyna milli howa flotumyzyň üsti ýetirilýär we yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ulag-kommunikasiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglaryny ösdürmek, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça uzak möhletleýin strategiýa durmuşa geçirilip, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasy ilerledilýär. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, pudagyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada giň gerimli strategik maksatlara ýetmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň bar bolan kuwwatyndan netijeli peýdalanmak arkaly bitewi multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hem Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biridir.

Türkmenistan gysga taryhy döwürde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda gymmatly tejribe toplady. Dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşmagy bilen baglylykda, ýurdumyz ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Bu resminamalar Diýarymyzda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň halkara derejede goldanylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin toplumlaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasyny işjeňleşdirmegi teklip edýär. Şunda ileri tutulýan iki strategik ugry amala aşyrmaga, ýagny energetika özgertmelerine we ulag arabaglanyşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda-da bu barada bellenilýär.

...Irden hormatly Prezidentimiziň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Täze howa menziliniň çäginde uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary mübärekläp, ýörite taýýarlanylan münbere barýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara hem-de watandaşlarymyza ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününiň taryhy wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýändigini belledi. Ynha, şu gün hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we hemmeleri bu döwrebap desganyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, berkarar Watanymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna gönükdirilen tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaryny, şol sanda ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzda ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolan raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Täze uçarlar yzygiderli satyn alynýar. Bu ugurda halkara derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Howa menzillerinde döwrebap şertler döredilýär. Gadymy Balkan topragynda şu gün açylyp ulanmaga berilýän döwrebap Balkanabat Halkara howa menzili hem bu ugurda alyp barýan işlerimiziň aýdyň mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we täze howa menziliniň howa ulaglary arkaly ýolagçy gatnatmagy, ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmagy üpjün etjekdigini, sebitde häzirki zaman üstaşyr ulag üpjünçilik ulgamyny döretmegiň örän möhüm bölegi boljakdygyny nygtady.

Taryhda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, şeýle-de söwda gatnaşyklaryny berkitmekde wajyp wezipäni ýerine ýetiripdir. Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz täze ulag üpjünçilik desgalaryny gurup, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap howa menzilleri, demir we awtomobil ýollary giň gerim bilen gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi hem-de täze Halkara howa menziliniň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini has-da giňeltjekdigine, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretjekdigine berk ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň ählisini we mähriban halkymyzy Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Dabaraly pursat ýetip gelýär: şowhunly el çarpyşmalar astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär we Balkanabat Halkara howa menzili açylýar. Soňra hormatly Prezidentimiz ýolagçy terminalyna barýar.

Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýaş nesliň wekilleri joşgunly çykyşlary bilen garşyladylar. Soňra döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýolagçy terminalynyň ugradyş zalynyň ýolagçylary we goşlary hasaba alyş bekedine barýar. Bu ýerde Halkara howa menziliniň ýolagçylara hyzmat ediş gullugynyň işgäri Balkanabat Halkara howa menzilini gurduryp berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işgärleriniň adyndan hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza bellige alyş talonyny gowşurýar. Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşýar.

Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir. Binada ýolagçylar üçin garaşylýan zallar, petek satylýan kassalar, lukmançylyk, gümrük we migrasiýa hasaba alyş otaglary, internet kafe, sowgatlyk dükan, garbanyşhana, tehniki otaglar we beýlekiler bar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz terminalyň halkara gatnawlaryň ýolagçylarynyň uçuşa garaşylýan zolagyna gelip, bu ýerde gümrük, migrasiýa, serhetden geçiş nokatlaryndan geçip, degişli zolaga barýar. Şeýle-de howa menziliniň çäginde barlag-geçiriş nokatlary, ýangyn howpsuzlygy we halas ediş gullugynyň binasy, ýöriteleşdirilen ulaglar, aerodrom gulluklarynyň, uçarlaryň ýerüsti hem-de tehniki gullugynyň binasy, üsti ýapyk awtoduralga, ýük terminaly, myhmanhana, birnäçe tehniki binalar we beýlekiler bar. Bu ýerde emeli uçuş-gonuş zolagy, öwrüm ýoly, 6 sany howa gämisi, 4 sany dikuçar üçin niýetlenen uçar duralga meýdançasy, dolandyryş diňi göz öňünde tutulypdyr. Dolandyryş diňiniň beýikligi 44,05 metre, umumy meýdany 410,92 inedördül metre deň bolup, onuň daşky görnüşinde özboluşly bezeg we inženerçilik-tehniki çözgütler öz beýanyny tapýar.

Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanymyz halkara guramalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny diňledi.

Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Ýewropa we Demirgazyk Atlantika sebiti boýunça direktory Nikolas Rallo sanly ulgam arkaly çykyş edip, hormatly Prezidentimizi Balkanabat Halkara howa menziliniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. N.Rallo halkara awiasiýada strategik ähmiýeti bolan bu möhüm desganyň açylyşyna sanly ulgam arkaly gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, howa menziliniň ulanmaga berilmeginiň ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Şeýle-de ol çykyşynyň dowamynda 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda üstünlikli geçirilen durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatyň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu şanly waka ulag ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlykda döwrebap çemeleşmeleriň binýadyny goýdy diýip, ICAO-nyň sebitleýin direktory belledi we raýat awiasiýasy ulgamyndaky konwensiýalar boýunça öz halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygy, uçuşlaryň ýokary howpsuzlyk derejesini üpjün edýän dünýä standartlaryny berjaý edýändigi üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.

Çykyşynyň ahyrynda Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň Ýewropa we Demirgazyk Atlantika sebiti boýunça direktory Nikolas Rallo ICAO-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny belläp, türkmen halkyna mundan beýläk-de üstünlik we abadançylyk arzuw etdi.

Soňra täze Balkanabat Halkara howa menziliniň Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan resmi bellige alnandygy baradaky güwänama gowşuryldy.

Soňra Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň (IATA) direktorynyň infrastruktura boýunça orunbasary Dmitriý Kosolapowa söz berildi. Ol Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasynda çykyş etmegiň özi üçin hormatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan baý taryhy hem-de ulag-logistika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan ýurtdur. Bu günki dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Balkanabat Halkara howa menzili diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, dünýäniň hem awiasiýa ulgamynyň möhüm halkasy bolar. Bu döwrebap infrastruktura taslamasy iň ýokary halkara howpsuzlyk we hil standartlaryna laýyk gelip, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

D.Kosolapow howpsuz we netijeli howa gatnawlarynyň ýörelgelerine ygrarlydygy üçin ýurdumyzyň Hökümetine hoşallyk bildirip, Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň ykdysady ösüşe, raýatlarynyň abadançylygyna maýa goýumlary gönükdirýän döwlet bilen hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny belledi. Çykyşynyň ahyrynda ol Balkanabat Halkara howa menziliniň üstünlikli işlemegini arzuw edip, täze howa menziliniň IATA-nyň talaplaryna laýyklygy boýunça degişli resminamanyň resmileşdirilendigi baradaky güwänamany gowşurdy.

Çykyş etmek üçin Mýunhen Halkara howa menziliniň howpsuzlyk we durnukly ösüş bölüminiň başlygy Denis Astahowa söz berilýär. Ol hormatly Prezidentimizi hem-de dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallygyny bildirdi. Nygtalyşy ýaly, täze howa menziliniň açylmagy hemişe strategik ähmiýetli wakadyr. Munuň özi açyklygyň, durnukly ösüşiň we röwşen geljegiň nyşanydyr. Şu günki dabara Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolup durýar.

D.Astahow Mýunhen Halkara howa menziliniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklap, Balkanabat Halkara howa menziliniň türkmen halky üçin buýsanç çeşmesi boljakdygyna, sebitiň durnukly ösüşine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Çykyşynyň ahyrynda Denis Astahow täze desga üstünlikli işe başlamagy, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de durnukly ösüş we abadançylyk arzuw edip, Balkanabat Halkara howa menziliniň halkara standartlara laýyklykda gurlandygy baradaky güwänamany gowşurdy.

Soňra «Al-Hatmi Consulting» kompaniýasynyň Baş direktory — taslama boýunça dolandyryjysy Mhoma Abdulhamid Mohammed Alä söz berildi. Ol hormatly Prezidentimizi hem-de dabara gatnaşyjylary bu şanly waka bilen gutlap, Türkmenistanyň awiasiýa infrastrukturasyny ösdürmekde täze sahypanyň başyny başlaýan Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasynda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Mhoma Abdulhamid Mohammed Ali ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bu möhüm taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşandygyna buýsanýandygyny belläp, howa menziliniň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine, baý taryhyny, medeniýetini dünýä tanatmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. «Al-Hatmi Consulting» kompaniýasynyň wekili bu taslamany amala aşyrmakda bildirilen uly ynam üçin ýurdumyzyň Hökümetine hoşallygyny beýan edip, Balkanabat Halkara howa menziliniň Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň we myhmansöýerliginiň nyşany boljakdygyny aýtdy hem-de howa menziliniň gurluşygynyň dünýäde bildirilýän talaplara laýykdygy baradaky güwänamany gowşurdy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň çykyşlary tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň we daşary ýurt awiakompaniýalarynyň howa gämileriniň Halkara howa menziline gonuş pursatlaryna syn etdiler.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda bu ýerde Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluş aýratynlyklary bilen tanşypdy. Uçuş-gonuş zolagy ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede gurlupdyr. Tanyşlygyň dowamynda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda uçaryň synag gonuşy amala aşyrylypdy. Synag gonuşy menziliň uçuş-gonuş zolagynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Türkmenistanyň awiasiýa parkynyň üsti “Boeing”, “Airbus” kompaniýalarynyň döwrebap uçarlary bilen yzygiderli ýetirilýär. Munuň özi milli awiakompaniýamyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýük daşamalaryň we ýolagçy gatnawlarynyň gerimini giňeltmäge amatly şertleri döredýär. Milli awiakompaniýamyzyň howpsuzlyk babatda Aziýada öňdäki orunlaryň birini eýeländigi hasaba alnanda, onuň sebit daşamalarynda öňdäki hatarlara çykmaga ähli mümkinçilikleri bar.

Howa menziline ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyrylypdyr. Toplumyň düzüminde menzile ýanaşyk meýdança, ýolagçylar üçin niýetlenen awtoulag duralgalary hem bar. Täze howa menziliniň taslamasy bu ulgamda täzeçil tehnologiýalardyr öňdebaryjy gazanylanlar göz öňünde tutulyp ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
03.05
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.05
Hormatly Prezidentimiz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
02.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
02.05
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
02.05
Ýurdumyzda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
01.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
01.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady
01.05
Türkmenistanyň çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlary BMG-de goldanyldy
01.05
Ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada
top-arrow