Geçen hepde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň abadançylygyna, öz mirasyny aýawly saklamagy, oňa gadyr goýmagy, nurana şu gününi gurmagy başarýan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze sepgitlerine tarap ynamly gadam urýan halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini tassyklaýan möhüm wakalara baý boldy.
21-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Oba hojalyk möwsüminde alnyp barylýan möhüm işlere, hususan-da, gowaça ekişiniň öz wagtynda geçirilişine, bugdaýa agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilişine, galla oragyna taýýarlyk görlüşine, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişine uly üns berildi.
25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, senagat howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek we önümçilik barlagyny guramak, milli awiasiýa pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görmek mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy. Söwda ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, ilaty ýokary hilli söwda hyzmatlary bilen üpjün etmegiň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazary gurmak hakynda aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi, hususan-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guraljak çäreler barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken enelerimize 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagyny, Ýeňiş güni bilen bagly çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 21 — 24-nji apreli aralygynda Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparlarynyň netijeleri barada hasabat berildi.
Gazagystan Respublikasyna iki günlük saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türküstan şäherindäki Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine zyýarat etdi hem-de milli medeni topluma baryp gördi. Saparyň ikinji gününde Gahryman Arkadagymyzyň we Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetleriniň gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda ýurtlarymyzyň halkara giňişlikde, şol sanda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, sebit we ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça özara düşünişýändikleri bellenildi. Gepleşikler tamamlanandan soňra, Milli Liderimiz maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň iri meýdançasy bolup durýan “SPK TURKISTAN” senagat parkyna baryp gördi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 22-23-nji aprelde Gyrgyz Respublikasyna bolan dostlukly saparynyň birinji gününde Çolpon-Ata şäherindäki meşhur ýerlere, hususan-da, Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine bardy.
Gahryman Arkadagymyzyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýolbaşçylygyndaky iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerde netijeli syýasy dialoga aýratyn üns berildi. Taraplar möhüm halkara hem-de sebit meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle-de saparynyň ikinji gününde Milli Liderimiz doganlyk halkyň amaly-haşam sungatynyň däp bolan görnüşleri bilen tanyşdy.
23-24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Samarkant şäherinde doganlyk ýurduň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýagty ýadygärligini hatyralady hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde “Baky şähere” baryp gördi. Taryhy künjekde däp bolan halk senetçiliginiň hem-de amaly-haşam sungatynyň önümleri görkezildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda energetika, ulag, oba hojalygy, senagat hyzmatdaşlygy we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (“Oliý Darajali Dustlik”) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Gahryman Arkadagymyz duşuşyklaryň dowamynda dostlukly döwletleriň Baştutanlaryny şu ýylyň 5 — 8-nji awgustynda Awazada geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem şol günlerde Merkezi Aziýa döwletleriniň her biriniň Awazada öz milli günlerini geçirmek mümkinçiliklerine üns çekildi.
Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyza Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalary we düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň Tertibini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi dabaranyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy. «2025-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada 2020-nji ýylda doglan, Gerden we Tugly diýen bedewleriň nesli bolan, meşhur Gyrsakaryň ugruna degişli Meleguş diýen mele at mynasyp boldy. Onuň seýsine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş baýragy — “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.
Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan döwlet Baştutanymyza ajaýyp bedewler sowgat berildi. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşan welaýatlaryň hormatly ýaşulularyna, behişdi bedewleriň şöhratly ýolunyň mynasyp dowam etdirilmegine uly goşant goşýan ähli atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Arkadag şäheriniň atşynaslarynyň adyndan sowgat berlen Parahat atly bedewiň boýnuna käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakdy.
Atlaryň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini halyçylyk, şaý-sep, nakgaşçylyk we heýkeltaraşlyk sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda hem-de teleoperatorçylyk işlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, 27-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyrylan dabaralar möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu ýerde baýramçylyk gurşawynda möwsümiň iň ajaýyp ýaryşy geçirildi. Dürli aralyga geçirilen at çapyşyklarynda behişdi bedewler iň gowy netijeleri görkezdiler. Ussat çapyksuwarlaryň arasynda çekeleşikli geçen jemleýji, ýedinji çapyşygyň ýeňijisine uly möçberli pul baýragy we Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy gowşuryldy. Beýleki çapyşyklaryň ýeňijileri hem gymmat bahaly sowgatlar, uly möçberli pul baýraklary, diplomlar bilen sylaglanyldy. Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň we päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen dabaralaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi we köpasyrlyk atçylyk sungatynyň miwesi bolan bedewleriň baýramynyň bellenilýän günlerinde geçirilýän duşuşygyň ähmiýetini belledi.
Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi Türkmenistan bilen sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny aýdyp, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Şol gün Arkadag şäherinde “Akhan” binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli aralykda durky täzelenen Ahalteke atlary şaýolunyň hem-de täze gurlan “Taýçanak” atly binanyň açylyş dabarasy boldy. Ýürek şekilindäki elleriň ortasynda şadyýan taýçanagyň keşbiniň döredilmegi aýlawly ýoluň merkezini bezeýän binagärlik toplumynyň esasy aýratynlygy bolup durýar.
Ahalteke bedewleriniň şanyna guralan dabaralaryň öňüsyrasynda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine assosiasiýanyň alyp baran işleriniň jemleri, oňa täze agzalary kabul etmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakdaky uly üstünlikleri, atçylyk pudagyny ösdürmekde çeken yhlasly zähmeti üçin ýurdumyzyň tapawutlanan atşynaslarynyň dördüsine «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde assosiasiýanyň geçen döwürde dünýä boýunça ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirýän atçylyk toplumlarynyň ýolbaşçylaryny, belli atşynaslary, seýisleri özara birleşdirýän, olaryň hyzmatdaşlygyna ýardam edýän iri halkara düzüme öwrülendigi bellenildi.
Şeýle-de bu ýerde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVII halkara ylmy maslahat, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolsa konkur boýunça ýaryş geçirildi. Maslahatdaky çykyşlarda ahalteke atlary bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy barada durlup geçildi. Hususan-da, atçylykda molekulýar genetikanyň tehnologiýalary, ahalteke atlaryny milli at üstündäki oýunlar üçin seýislemegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek, ahalteke bedewlerini bezemek sungatynyň taryhy kökleri, ýurtda atçylyk pudagynyň ösdürilişi boýunça pikir alyşmalar boldy.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hrwoýe Swetanowiçden ynanç haty kabul edildi. Diplomat ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli parlamentiň düzümi hem-de kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.
26-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Bender-Abbas portunda bolup geçen partlama zerarly öz adyndan, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan goňşy döwletiň Baştutanyna we Eýranyň halkyna çuňňur gynanjyny hem-de duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Eýranyň ýakyn goňşusy hökmünde partlama zerarly ejir çekenlere lukmançylyk we beýleki ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny nygtady. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Malaýziýanyň paýtagtynda geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum iri halkara energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny, bilermenleri, nebitgaz, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maliýe düzümleriniň, halkara guramalaryň hem-de ylmy merkezleriň wekillerini bir ýere jemledi. Ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşyjylar çäräniň netijeliligine ýokary baha berip, onuň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolandygyny bellediler.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysyna beren interwýusynda gaznanyň döredilen wagtyndan bäri alyp baran işlerini giňişleýin beýan etdi. Onda eneligi, çagalygy goramak meselelerine we aýratyn durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz barada aladalar, gaznanyň ynsanperwer başlangyçlary, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki halkara düzümler, şol sanda ikitaraplaýyn we sebitleýin derejede alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, Oguljahan Atabaýewa bütin dünýä boýunça çagalaryň geljegi göz öňünde tutulanda, olaryň hiç hili araçäk babatda bölünmeli däldigi, güýçleriň we tagallalaryň birleşdirilmelidigi baradaky pikirini beýan etdi.
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşda ildeşlerimiziň gazanan ynamly ýeňşi milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi boldy. Ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň 13 ýurdundan türgenler gatnaşyp, ildeşlerimiz iki görnüşiň jemleri boýunça 12 altyn, 10 kümüş, 6 bürünç, jemi 28 medal gazandylar.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigini nobatdaky gezek subut etdi.