Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrler derejesindäki birinji forumy geçirilýär
Syýasat habarlary
Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrler derejesindäki birinji forumy geçirilýär
Çap edildi 28.04.2025
146

Şu gün Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy öz işine başlady. Bu möhüm köptaraplaýyn duşuşygyň maksady 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmekden, tutuş adamzadyň nurana geljeginiň hatyrasyna häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň çözülmegine umumy çemeleşmeleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Giň gerimli iki günlük forumyň işine Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, halkara düzümleriň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Maslahata gatnaşýan daşary ýurtlaryň giň wekilçilikli düzümi Durnukly ösüş maksatlarynyň ählumumy wezipelerini çözmegiň has netijeli usullaryny işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýän hem-de okgunly ösýän Türkmenistana barha artýan gyzyklanmanyň subutnamasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, biri-biri bilen özara baglanyşykly bu 17 maksat 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy hem-de degişli Kararnama arkaly berkidildi. Durnukly ösüş maksatlarynda göz öňünde tutulan möhüm ugurlaryň her biri boýunça döwletimiziň gazananlary ýörite diwarlyklarda hem-de monitorlarda görkezilýär. Bu ýerde guralan sergide foruma gatnaşyjylar ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň, azyk we dokma senagatynyň ýokary hilli önümleri, ulag, sport, saglygy goraýyş, derman senagaty ýaly ulgamlarda gazanan ägirt uly üstünlikleri bilen tanyşdylar.

Umumy mejlisiň başynda ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadag şäherinde geçirilýän hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi işjeňleşdirmek maksady bilen dialogy pugtalandyrmaga ýardam berýän forumyň ähmiýetini nygtap, häzirki wagtda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan dürli ylalaşyklara gol çekilendigini hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça çözgütleriň kabul edilendigini kanagatlanma bilen belleýär. Dünýäde iň iri we abraýly düzümleriň biri bolup durýan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy durnukly ösüşe geçmek babatda, söwda, maýa goýumlar, “ýaşyl” ykdysadyýet, innowasiýalar, sanlylaşdyrmak, energetika, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, oba hojalygy we ulag ulgamlary ýaly ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin uly mümkinçiliklere eýedir. “Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlary boýunça hyzmatdaşlyk etmekde netijeli syýasaty alyp barýar, halkara gatnaşyklary giňeltmekde netijeli çäreleri görýär. Halkara işlere işjeň gatnaşmak bilen, dünýä döwletleriniň arasynda deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy alyp barýar” diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda belledi hem-de möhüm ähmiýetli bu forumyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini gazanmakda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň arasynda oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine, innowasiýalary we öňdebaryjy tejribäni alyşmakda möhüm meýdança öwrüljekdigine berk ynam bildirdi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han foruma gatnaşyjylary mübärekläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda durnukly ösüşe ýetmegiň ýolunda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýän Türkmenistanyň Hökümetine mähirli kabul edilendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

YHG-nyň Baş sekretary “Gün tertibi — 2030-a” ýetmegiň ýolunda aýratyn tapgyry alamatlandyrýan hem-de guramanyň tutuş sebit boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk we syýasaty ylalaşmak üçin oňyn meýdança bolan forumyň ähmiýeti barada aýdyp, dünýäniň durnukly geljegi, abadan ösüşi boýunça umumy garaýyşlaryň kemala gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Geçen ýyllaryň dowamynda gurama tarapyndan adamlaryň bähbitlerine gönükdirilen dürli taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin alnyp barylýan milli syýasatlary, sebit strategiýasyny utgaşdyrmak maksady bilen, ýokary derejeli iş topary döredildi. YHG-nyň ähli agza ýurtlarynyň arasynda sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň hem-de gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny aýdyp, Asad Majid Han köptaraplaýyn strategik dialogy utgaşdyrmak hem-de hereketleri syýasy taýdan ylalaşmak üçin bu guramanyň gurallaryny peýdalanmagyň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, YHG-nyň Sekretariaty tarapyndan dürli ugurlarda netijeli işler geçirilýär, umumy maksatlara ýetmek üçin tagallalar edilýär. Munuň özi ählumumy abadançylygyň bähbidine integrasiýa arkaly ösüşe ygrarlylygy alamatlandyrýar.

Iri sebit guramasynyň ýolbaşçysy forumyň netijeli geçmegini arzuw edip, oňyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra şu ýyl Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýän Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ýurduň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewe söz berildi. Dostlukly döwletiň Hökümetiniň ýokary wezipeli wekili bildirilen myhmansöýerlik hem-de çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, şeýle forumyň geçirilmeginiň gurama agza ýurtlaryň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini amala aşyrmaga ygrarlydyklarynyň güwäsidigini belledi.

G.Koýşybaýew Gazagystanyň YHG ýurtlarynyň ählisi bilen ýola goýlan dostlukly, oňyn özara bähbitli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini aýdyp, söwda ulgamynda päsgelçilikleriň aradan aýrylmagynda, logistika baglanyşygynyň ösdürilmeginde, standartlaryň bir kybap görnüşe getirilmeginde hem-de sanly platformalaryň döredilmeginde tagallalary birleşdirmek boýunça gazak tarapynyň tekliplerini beýan edip, olaryň sebitiň çäginde ykdysady integrasiýanyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, Gazagystan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde “Sebitleýin ulag arabaglanyşygyny ilerletmek hem-de durnukly ösüş” şygary astynda umumy maksatlara ýetmegiň üstünde işleýär. Çykyşda üstaşyr geçiriş ulgamynda hyzmatdaşlygyň söwdany ösdürmegiň hem-de netijeli ykdysady integrasiýanyň esasy bolup durýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, täze strategik ulag geçelgelerini ösdürmek ileri tutulýan wezipe bolup durýar. Şeýle-de ykdysadyýetden başlap, döwlet dolandyryşyna çenli durmuşyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan azyk howpsuzlygy, sanlylaşdyrmak ýaly meseleler sebit üçin ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Gazagystanyň bilelikdäki başlangyçlary hem-de taslamalary ilerletmek üçin ähli derejede YHG-nyň tagallalaryny işjeň goldamaga, hyzmatdaşlar bilen işleşmegi dowam etdirmäge taýýardygyny beýan edip, G.Koýşybaýew guramanyň mümkinçilikleriniň doly peýdalanyljakdygyna we geljekde onuň halkara derejedäki ornunyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyş edip, döwrebap Arkadag şäherinde geçirilýän maslahatyň guramaçylaryna forumyň ýokary derejesi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Köpetdagyň ajaýyp künjeginde gurlan “akylly” şäher innowasion häsiýetli binagärlik-şähergurluşyk çözgütleriniň hem-de sanly tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň aýdyň mysalydyr. Halkara sylaglaryň we güwänamalaryň birnäçesine mynasyp bolan şäheriň häzirki zaman düzümi döwletimiziň raýatlaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine örän jogapkärli, toplumlaýyn çemeleşýändiginiň anyk görkezijisidir.

Çykyşlarda durnukly ösüş konsepsiýasynyň ykdysady, durmuş we ekologik ugurlary özünde jemleýändigi, şunda bar bolan serişdelerdir tehnologiýalaryň amatly peýdalanylmagyna, durmuş we medeni ulgamlaryň durnuklylygynyň saklanylmagyna gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasy bilen sazlaşýar. Ýurdumyz geçen ýyllaryň dowamynda ilatyň abadançylygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek, gender deňligi, sanlylaşdyrmak, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de makroykdysady durnuklylygyň saklanylmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar we iri halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary Durnukly ösüş maksatlaryny işjeň ilerletmegiň çäklerinde YHG-a agza ýurtlarda durmuşa geçirilýän işler barada aýtmak bilen, sebit giňişliginde energetika, ulag, söwda, ykdysadyýet ulgamlarynda üstünlikli amala aşyrylýan taslamalara, dünýäniň aýry-aýry döwletleri, iri halkara guramalar, maliýe edaralary bilen yzygiderli giňeldilýän hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko şu gezekki duşuşyga gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, bu forumyň umumy tagallalary, hususan-da, sebitiň ýurtlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda tagallalaryny açyp görkezýändigini aýtdy. Ol howanyň üýtgemegi, azyk we energetika howpsuzlygy, gender deňligi ýaly meseleleriň möhüm hem-de umumy häsiýete eýedigini belläp, Hökümetleriň, bileleşikleriň, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň hem-de raýatlaryň tagallalarynyň bu wehimleri ýeňip geçmäge gönükdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýan ýurt boýunça toparynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalara goşant goşýandygyna buýsanýandygy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitini ösdürmegiň geljekki onýyllyk garaýşyna işjeň gatnaşmak bilen, islendik goldawlary bermäge taýýardygy bellenildi.

Şeýlelikde, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy maliýe strategiýalary, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly wezipeleri maliýeleşdirmek, “ýaşyl” ykdysady ösüşi goldamaga gönükdirilen beýleki gurallary ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Çykyş edenler bu wekilçilikli forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de yzygiderli geçirilýän halkara çärelere hemişe goldaw berýändigi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, YHG ýurtlarynda durnukly hem-de abadan geljegi üpjün etmek maksady bilen, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň wajypdygyny bellediler. Geçen ýyllaryň dowamynda toplanan bilelikdäki oňyn tejribe, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge umumy gyzyklanmalar munuň üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, forumyň işi “Howanyň üýtgemegi we ekologiýa taýdan durnuklylyk”, “Durnukly maliýeleşdiriş, ykdysady ösüş we maddy üpjünçilik” atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. Ertir bolsa “Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda maşgala institutlarynyň we demografik meýilleriň orny”, “2026 — 2035-nji ýyllar: YHG-nyň garaýşy” atly mowzuklaýyn mejlisler guralar.

Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem birnäçesiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Soňky habarlar
29.04
Türkmenistan halkara söwda we hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
28.04
«Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahata gatnaşyjylara
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň federal ministrini kabul etdi
28.04
Türkmenistanda Kolumbiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrler derejesindäki birinji forumy geçirilýär
top-arrow