Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Çap edildi 27.04.2025
1751

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Tatarystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen halkynyň durmuşynda we medeniýetinde möhüm orun eýeleýän hem-de tutuş dünýäde şöhrata eýe bolan ajaýyp bedewler Türkmenistanyň milli buýsanjydyr. Ahalteke bedewleri naýbaşy atlar bolmak bilen, türkmen halkynyň beýik taryhyna, ata-babalarynyň köpasyrlyk ruhy-medeni mirasyna wepalylygynyň nyşanydyr. Türkmen atşynaslarynyň bu deňsiz-taýsyz atlaryň tohumyny gorap saklamak babatda irginsiz zähmeti, şeýle hem ýurduňyzyň halkynyň behişdi bedewlere bolan çäksiz söýgüsi haýran galdyrýar. Biz Türkmenistanyň doganlyk halky bilen bu baýramyň şatlygyny paýlaşýarys hem-de Size, Siziň ýakynlaryňyza we ýurduňyzyň ähli halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, türkmen döwletine bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýäris.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow