Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşyjylara
Çap edildi 27.04.2025
2006

Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadag şäherinde geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu forum YHG-nyň agza döwletleriniň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygy hem-de 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak üçin gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Häzirki wagtda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy dünýäde iri we abraýly halkara düzümleriň biri bolmak bilen, onuň agzalary tarapyndan dürli ylalaşyklara gol çekildi, döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça çözgütler kabul edildi. Gurama durnukly ösüşi gazanmak maksady bilen, söwda, maýa goýumlar, “ýaşyl” ykdysadyýet, innowasiýalar, sanlylaşdyrmak, energetika, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, oba hojalygy we ulag pudaklarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Biziň ýurdumyz sebitde amala aşyrylýan energetika, ulag, söwda-ykdysady taslamalary işjeň durmuşa geçirýär. Dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar we maliýe institutlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu bolsa sebitde durnukly we gülläp ösýän geljegi üpjün etmekde örän möhümdir. Şundan ugur alyp, biz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýäris. Şoňa görä-de, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda öňegidişligi çaltlandyrmak üçin adam maýasy we ykdysady serişdeler, innowasion çözgütler arkaly sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek wajyp wezipe bolup durýar.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi häzirki wagtda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy strategiýasy bolup çykyş edýär we biz ony üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ilatyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmak, adam ösüşine maýa goýmak, sagdyn ýaşaýşy goldamak, täze iş ýerlerini döretmek, gender deňligi, sanlylaşdyrmak we ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda innowasiýalary ornaşdyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak boýunça milli meýilnamalary amala aşyrmak ileri tutulýan ugur bolup durýar. Biz milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, makroykdysady durnuklylygy üpjün etmäge, senagaty, oba hojalygyny, ulag-logistika ulgamyny innowasion esasda yzygiderli ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Bu maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi Durnukly ösüş maksatlary boýunça ep-esli öňegidişlik gazanmaga mümkinçilik berdi.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlary boýunça hyzmatdaşlyk etmekde oňyn syýasaty alyp barýar, halkara gatnaşyklary giňeltmekde netijeli çäreleri görýär. Halkara işlere işjeň gatnaşmak bilen, dünýä döwletleriniň arasynda deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, möhüm ähmiýetli bu forumyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini gazanmakda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine, innowasiýalary we öňdebaryjy tejribäni alyşmakda möhüm meýdança öwrüljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow