Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylara
Syýasat habarlary
Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylara
Çap edildi 23.04.2025
704

Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda myhmansöýer türkmen topragynda geçirilýän sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka boljak bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy, dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça türgenleriň ussatlygyny we tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

Biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmek bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sporty ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Ata-babalarymyzyň asylly ýoluny dowam etdirip, sporty dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm serişdesi hasap edýäris.

Hormatly ýaryşa gatnaşyjylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde köpugurly stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport mekdepleri we beýleki desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hökmünde Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Ata Watanymyzda iri sport ýaryşlarynyň, şol sanda Aziýa oýunlarynyň, yklym birinjilikleriniň, dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertler hem-de mümkinçilikler döredilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi sport özgertmelerimiziň halkara derejede giňden goldanylýandygyny görkezýär.

Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar!

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan gadymy türkmen topragynda ýaşan ata-babalarymyz beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemekde göreşe aýratyn uly ähmiýet beripdirler, pälwanlary ýetişdirmegiň özboluşly milli mekdebini döredipdirler. Pederlerimizden miras galan türkmen milli göreşini çyn ýürekden söýen halkymyz ony asyrlarboýy kämilleşdiripdir, göreşiň sport görnüşi hökmünde ösmegine uly goşant goşupdyr. Häzirki döwürde hem göreş sungatymyz milli gymmatlyk hökmünde yzygiderli ösdürilýär. Türkmen milli göreşi bilen bir hatarda, göreşiň beýleki görnüşlerine, şol sanda guşakly alyş göreşine hem uly üns berilýär. Türgenlerimiz milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler.

Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň geçirilýän günlerinde daşary ýurtly myhmanlarymyzyň türkmen halkynyň myhmansöýerligi bilen ýakyndan tanyşjakdyklaryna we olaryň kalbynda güneşli ýurdumyz hakynda ýakymly duýgularyň saklanyp galjakdygyna berk ynanýaryn. Sizi milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, rowaçlyk, sportda we durmuşda uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, bu ajaýyp sport baýramçylygy dostlugy, sagdynlygy we ruhubelentligi dünýä ýaýsyn!


Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
08.07
2025-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
08.07
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady
08.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.07
Azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagy — oba hojalyk özgertmeleriniň baş maksady
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
06.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
06.07
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
05.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow