Şu gün — Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konserti boldy.
Ýurdumyzda bu ajaýyp bahar baýramy halkymyzyň gelin-gyzlara, ilkinji nobatda, mährem enelere bolan hormaty özünde jemleýän milli dessurlarymyz esasynda giňden dabaralandyrylýar. Olara hemişe maşgala ojagynyň eýesi, parasatly maslahatçy, wepaly ýanýoldaş hökmünde uly hormat-sarpa goýulýar. Türkmen zenanynyň gözelligi, hoşniýetlilik, sadalyk, wepalylyk, paýhaslylyk ýaly häsiýetleri hemişe hormatlanyp gelnipdir. Çeper döredijilikde zenanyň keşbi esasy orny eýeleýär. Magtymgulynyň, Mollanepesiň we beýleki köp sanly türkmen nusgawy şahyrlarynyň şygyrlarynda gelin-gyzlaryň waspy öz beýanyny tapýar. Ene ýüregi, ene dogasynyň gudratly güýji hakynda döredilen tymsallar bolsa türkmen halkynyň enelere keramatly ynsan hökmünde aýratyn hormat goýýandygyny, mertebesini belentde tutýandygyny görkezýär.
Zenanlar baradaky alada, olaryň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Gender deňligini gazanmak babatdaky üstünlikler döwletimizi demokratiýalaşdyrmagyň yzygiderli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edip, munuň özi ynsanperwerlik, deňlik ýörelgelerine ygrarly, sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen jemgyýetiň kemala gelmegi üçin wajyp şertleriň biri hasaplanýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň zenanlarynyň ruhy, aň-paýhas mümkinçilikleri durmuş meselelerini çözmekde, milli gymmatlyklary gorap saklamakda, sazlaşykly ösýän ýaş nesli terbiýelemekde barha işjeň ulanylýar.
Milli däp-dessurlarymyz zenanlaryň giň dünýägaraýşy, tutanýerliligi we işewürlik başlangyçlary bilen sazlaşykly utgaşýar. Täze taryhy döwrümiziň binýadyny berkitmäge goşant goşýan zähmetsöýer zenanlarymyz döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Türkmen zenanlary asyrlaryň dowamynda haly dokamak, keçe basmak, keşdeçilik sungatyny dowam etdirip gelipdirler. Olarda zenanlara mahsus çeperçilik, zehin, ukyp-başarnyklar öz beýanyny tapýar. Çeper elli gelin-gyzlarymyzyň yhlasyndan döreýän bu meşhur sungat eserleri gözelligi bilen göreni haýrana goýýar. Gadymy rowaýatlarda türkmen zenanlarynyň dutarda saz çalyp, aýdym aýdandyklary, kähalatlarda erkek bagşylardan hem ökde çykandyklary barada aýdylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň zenanlary işine jogapkärçilikli çemeleşýän, başlangyçlar bilen çykyş edýän ýolbaşçylardyr, alymlardyr, mugallymlardyr hem-de lukmanlardyr, deputatlardyr we diplomatlardyr. Ýöne şonda-da olar, ilkinji nobatda, mähirli enelerimiz, uýalarymyz, gyzlarymyz, eli çeper öý hojalykçylarymyz bolmagynda galýarlar.
Asylly däbe görä, baýramçylygyň öňüsyrasynda ähli zenanlara — edara-kärhanalaryň işgärlerine, hormatly dynç alyşdaky enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwletimizde köp çagaly maşgalalary goldamaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan, sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we terbiýeläp ýetişdiren eneleri sarpalamak dabarasynyň çäklerinde olara täze, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.
...Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konsertine Diýarymyzyň ähli künjeklerinden zenanlar ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjylar bar. Şeýle hem konserte Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan işgärleri hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar.
Halkara zenanlar güni sungat arkaly zenanlara hormat-sarpany beýan etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Maşgala ojagynyň eýeleri ýurdumyzyň sungat ussatlaryny hem ruhlandyrýarlar. Bu gezegem olar baýramçylyk sahnasynda gelin-gyzlara öz döreden eserlerini sowgat etdiler.
Ajaýyp baýramçylyk konserti meşhur aýdymçylaryň, teatr artistleriniň, birleşen döredijilik-tans we hor toparlarynyň ýerine ýetirmeginde «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda sahnalaşdyrylan spektaklda eneleriň waspy ýetirildi. Sungat ussatlarynyň çykyşlarynda parahatçylygyň, abadançylygyň ýurdy bolan Garaşsyz Watanymyza buýsanç beýan edildi.
Baýramçylyk konserti Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleriniň, meşhur aýdymçylaryň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlarda mährem zenanlara, enelerimize, uýalarymyza, gelin-gyzlarymyza tüýs ýürekden çykýan joşgunly gutlaglar öz beýanyny tapdy. Sahnada zenanlaryň hoşniýetliligini, sadalygyny, asyllylygyny, paýhaslylygyny, gözelligini we wepalylygyny, enelik söýgüsini wasp edýän göwün göteriji aýdymlar ýaňlandy.
Bu gün aýdym-saz sungatynyň ussatlary bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam basan we eýýäm meşhurlyk gazanan estrada aýdymçylary hem çykyş etdiler. Olar tomaşaçylara sowgat hökmünde «Aýdymlar çemeni» atly daşary ýurt nusgawy aýdym-saz eserleriniň çemenini taýýarlapdyrlar. Iňlis, ispan, hytaý, rus, fransuz dillerinde aýdymlar ýerine ýetirildi. Ýaşajyk artistler-de öz zehinlerini görkezdiler. Aýdymçylar, «Güneş» çagalar hory, «Şowhun», «Meňli» çagalar tans toparlary «Eje, eje, jan eje!» atly liriki eser arkaly enelerimize mähirli duýgularyny beýan etdiler.
Türkmen sungatynda ylham çeşmesine öwrülen zenanyň keşbi hemişe esasy üns merkezinde boldy we şeýle bolmagynda-da galýar. Gadymy döwürlerden bäri Gündogaryň ýazyjy-şahyrlary, sazandalary, suratkeşleri gelin-gyzlaryň gözelligini Güne we Aýa, ajaýyp gülleriň näzikligine deňäpdirler, olaryň jadylaýjy bakyşlaryny wasp edipdirler. Bu duýgulary «Oba gyzlary», «Аdyň aýdym dilimde», «Nurana», «Nusgalyk gözellik», «Ömrümiň güli», «Ýüregim sende», «Söýgi» atly aýdymlary ýerine ýetiren aýdymçylar hem ýokary derejede beýan etmegi başardylar. Türkmen şahyrlarynyň sözlerine döredilen «Şanly günüň şanyna», «Arzuwly dünýäm», «Göresim gelýär», «Sen gerek», «Gizlenme, ýar!» ýaly aýdymlar myhmanlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Türkmenistanyň Döwlet tans ansamblynyň, «Galkynyş», «Aşgabat», «Laçyn» tans toparlarynyň çykyşlarynda milli däp-dessurlaryň ruhy bilen häzirki zaman döredijiliginiň özboluşly ugurlarynyň sazlaşygy görkezildi. Olar tansyň üsti bilen zenanlara bolan mähribanlygy, hormat-sarpany beýan etdiler. Ähli çykyşlar wideoşekiller bilen utgaşdyryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Ýadymda» atly aýdymyň ýaňlanmagy tomaşaçylaryň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Bu ajaýyp sungat eserinde nurana arzuwlar, söýgi, geljege bolan umyt wasp edilýär. Aýdymyň «Serpaý» folklor toparynyň, «Näzli» tans toparynyň çykyşlary bilen utgaşmagy oňa aýratyn öwüşgin çaýdy.
«Miras» folklor toparynyň ýerine ýetiren küştdepdisi konserte gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Munuň özi Watanymyzyň sahawatly topragyny ýyladýan bahar paslynyň köpöwüşginli gözelliginiň beýanyna öwrüldi. Küştdepdi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen, halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy tejribesini özünde jemleýän halk döredijiliginiň ajaýyp nusgasydyr.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Bagtyýar Diýaryň mähribanlary» atly ajaýyp aýdym konsertiň özboluşly jemlenmesi boldy. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar zenanlary, Garaşsyz Watanymyza buýsanç, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan beýik işler wasp edildi.
***
Şu günler paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň esasy sahnalarynda, konsert zallarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar geçirilýär. Hemme ýerde zenanlarymyza mähirli gutlaglar, şatlyk, bagtyýarlyk, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlar belentden ýaňlanýar.