Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hormatly işgärleri!
Sizi Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip gelýär. Geçen ýyllarda bu ugurda toplanan tejribeler Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň asylly maksatlaryna doly laýyk gelýändigini görkezdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny degişli Kararnamalar bilen iki gezek ykrar etmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryň has-da ösmegine, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasatymyz ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky möhüm wezipelerimiz “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” giňden beýan edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, onuň dürli döwletler we halkara guramalar bilen dostlukly, açyk we köpugurly hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek boýunça diplomatik gullugyň öňünde uly wezipeler durýar. Bu babatda türkmen diplomatlarynyň ussatlygyna, tejribelerine aýratyn ornuň degişlidigini, şol bir wagtda bu wezipeleriň siziň üçin uly jogapkärçilik bolup durýandygyny nygtamak isleýärin. Hususan-da, çylşyrymly dünýä şertlerinde döwletimiziň diplomatik gullugynyň işgärleri halkara jemgyýetçilik tarapyndan Türkmenistana bildirilýän ynamy, hormaty has-da artdyrmak, ýakyndan berilýän goldawlary mundan beýläk-de güýçlendirmek, dünýä giňişliginde bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak, dost-doganlyk ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak babatda tutanýerli zähmet çekmelidirler.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy taryhy Kararnama bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Biz dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde bu ýyly dabaraly belläp geçýäris. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda zerur işler amala aşyrylýar, milli we halkara derejede dürli syýasy çäreler geçirilýär. Şanly wakalara beslenýän 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelmegi onuň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini has-da artdyrýar.
Hormatly diplomatlar!
Biz köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işiniň kämilleşdirilmegi, onuň maliýe we maddy-tehniki üpjünçiliginiň berkidilmegi, diplomatlaryň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagy ugrunda tagalla edýäris. Döwletimiziň şeýle uly aladalaryna diplomatik işgärler Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň halkara abraýyny yzygiderli beýgeltmek arkaly jogap bermelidirler.
Halkara hyzmatdaşlyk we onuň wajyp aýratynlyklary babatda ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki işjeňliginiň ýylsaýyn artýandygyny bellemek gerek. Döwletimiz dürli ýurtlar, halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Türkmenistanyň dünýä ösüşiniň gün tertibinde orun alan ählumumy meseleler boýunça halkara başlangyçlary öňe sürmegi we olaryň giň goldawa eýe bolmagy indi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa döwletimiziň halkara işleriniň yzygiderli kämilleşmegine, dünýä meselelerine has döredijilikli çemeleşmegine ýardam berýär.
Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, halkara meseleleriň çözülmeginde öňüni alyş diplomatiýasynyň ulanylmagyny, bitaraplyk ýörelgeleriniň giňden peýdalanylmagyny, parahatçylyk dörediji dialogyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini, ynanyşmak medeniýetiniň dikeldilmegini häzirki döwrüň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda görýär. Şu günki halkara şertlerde derwaýys häsiýete eýe bolan bu ýörelgeleriň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren hem-de XXI asyrda döwletara we halkara gatnaşyklaryň möhüm ulgamy bolup biljek Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynda hem öz beýanyny tapjakdygyna ynanýaryn.
Hormatly diplomatik gullugyň işgärleri!
Sizi Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak we halkara giňişlikdäki belent abraýyny has-da artdyrmak boýunça ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetiriljekdigine berk ynanýaryn.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.