Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Pudagara toparyň mejlisi
Jemgyýet
Pudagara toparyň mejlisi
Çap edildi 21.01.2017
1762

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Toparyň geçen 2016-njy ýylda geçiren işleriniň jemleri jemlenildi, bu düzümiň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe türkmen jemgyýetiniň demokratik we hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy amala aşyryldy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň esasy halkara – hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukugy ulgamyndaky konwensiýalara goşulmak bilenbu resminamalaryň kadalaryny berjaý etmek boýunça netijeli çäreleri geçirýär. Muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn hukuk özgertmeleri hem aýdyň subutnamadyr, bu özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de halkara hukugynyň binýat goýujy ýörelgelerini hasaba almak bilen, kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylyga syny amala aşyrmak hem-de degişli teklipleri taýýarlamak boýunça çäreler Toparyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Toparyň 2017-nji ýyl üçin iş meýilnamasy ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, mejlise gatnaşyjylar “Türkmenistanda 2016-2020-nji ýyllarda adam hukuklary boýunça Hereketleriň Milli Meýilnamasyny” hem-de “Türkmenistanda 2016-2018-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy göreş boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny”, şeýle hem “Türkmenistanda 2015-2020-nji ýyllarda gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny” iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berdiler, bu meýilnamalar döwlet Baştutanymyzyň ýörite Kararlary bilen tassyklanyldy. Şunda bu resminamalaryň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek, şeýle hem halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalarynyň milli kanunçylyk we hukuk ulanyş tejribesine ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalary, ozaly bilen bolsa, BMG hem-de onuň düzümleýin edaralary bilen emele gelen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Ýygnananlar şeýle hem halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny, milli hasabatlary, synlary taýýarlamak hem-de adam hukuklaryny goramak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen okuw maslahatlaryny, duşuşyklary, geňeşmeleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek baradaky pikiri beýan etdiler. Pudagara toparynyň mejlisinde şeýle hem beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow