Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çap edildi 03.01.2025
3335

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň abraýly we jogapkärli agzasy hökmünde häzirki zaman halkara durmuşyna işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň döwletimiz häzirki wagtda ählumumy gün tertibinde duran parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki meseleleri çözmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär we olar köptaraplaýyn resminamalaryň kabul edilmegi netijesinde durmuşa geçirilýär.

Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, şeýle hem 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman türkmen döwletiniň durmuşynda şanly ýubileýi — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belläp geçmek hem-de Türkmenistanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşlary bolan dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm halkara forumlary, maslahatlary, duşuşyklary, beýleki dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 3-nji ýanwary.

Soňky habarlar
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
13.08
Ylym we tehnologiýalar — ýurdumyzyň rowaçlygynyň kepili
13.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
13.08
«Arkadag» topary täze ýeňişleri nazarlaýar
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
12.08
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
12.08
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Ulag-kommunikasiýa toplumynyň mümkinçiliklerini artdyryp
11.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow