Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda agyz suwy zawody işe girizildi
Jemgyýet
Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda agyz suwy zawody işe girizildi
Çap edildi 20.01.2017
2605

Lebap welaýatynda suw arassalaýjy desgalaryň döwrebap toplumy işe girizildi. Ol Serdarabat etrabynyň ilatyny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün eder. Toplumyň kuwwaty gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr agyz suwuny çykarmaga niýetlenendir. Tehnologiki görkezijilere laýyklykda, suwy birnäçe gezek arassalamak, durlamak, süzgüçden geçirmek hem-de zyýansyzlandyrmak göz öňünde tutulýar. Toplum ABŞ-nyň we Germaniýanyň meşhur önüm öndürijileriniň döwrebap suw sorujy desgalary, süzgüçleriň onlarçasy, energetiki, barlaghana we beýleki enjamlar hem-de abzallar bilen üpjün edildi. Aralyk arassalaýyş we taýýarlaýyş nokatlarynda her sagatda zawodyň barlaghanasynda içgin barlagdan hem-de seljermeden geçer. Suw arassalaýjy desgalardan etrabyň hojalyklarynyň ilatly ýerlerine çenli suw geçiriji ulgamlar çekildi, bu işler häzirki wagtda hem dowam etdirilýär. Toplum “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky baş maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda guruldy. Şol maksatnamanyň çäklerinde häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, suw arassalaýan zawodlar, suw süýjediji desgalar gurulýar, öňden bar bolan suw arassalaýjy desgalaryň hem-de suw geçiriji ulgamlaryň durky täzelenýär. 2015-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar sebitine bolan iş saparynyň barşynda Köýtendag we Farap etraplarynda täze kuwwatly suw arassalaýjy desgalary dabaraly ýagdaýda işe girizdi. Ýakyn geljekde bolsa oba ilatyny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky maksatnama Amyderýa jülgesiniň beýleki etraplarynda hem durmuşa geçiriler. Häzirki wagta çenli Sakar, Halaç, Galkynyş etraplarynda we welaýatyň beýleki käbir etraplarynda döwrebap agyz suw zawodlaryny gurmak boýunça gurluşyk işleriniň esasy bölegi ýerine ýetirildi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow