Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Çap edildi 16.12.2024
3477

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, edebi mirasyny, akyldar şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasyny döwrebap aýdym-sazlaryň üsti bilen mynasyp wasp etmäge goşan uly goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu ýaş estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti Gylyçdurdy Hojagylyjowiç Durdyýewi,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet horunyň 1-nji derejeli horuň artisti Leýli Rustamowna Mämmedowany,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti Göwher Döwletmämmedowna Hojimyradowany,

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň saz mugallymçylygy bölüminiň mugallymy Bägül Döwletgeldiýewna Maşadowany,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Serdar Turanowiç Çaryýewi,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň orkestr saz gurallary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Hemra Orazmyradowiç Nuryýewi,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Güljemal Taýlyýewany,

Ahal welaýat medeniýet merkeziniň estrada orkestriniň 2-nji derejeli artisti Şatlyk Bäşimmyradowiç Gurbannazarowy,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň medeniýet merkeziniň tans goýujysy Selbi Şyhymbaýewna Kakanowany,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap geňeşliginiň Garaýap oba medeniýet öýüniň akkompaniatory Şamyrat Kakamyradowiç Artykowy.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 16-njy dekabry.

Soňky habarlar
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
13.08
Ylym we tehnologiýalar — ýurdumyzyň rowaçlygynyň kepili
13.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
13.08
«Arkadag» topary täze ýeňişleri nazarlaýar
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
12.08
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
12.08
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Ulag-kommunikasiýa toplumynyň mümkinçiliklerini artdyryp
11.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow