Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda
Çap edildi 10.12.2024
2526

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny ylmy esasda düýpli öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda hem-de halkara derejede giňden bellenilip geçilmegini guramak, onuň şygyrlar diwanyny türkmen we dünýäniň ençeme dillerinde ýokary hilli neşir edip, dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, milletiň buýsanjy bolan Magtymguly Pyragynyň halkymyzyň agzybirliginiň has-da pugtalanmagynda uly ähmiýeti bolan edebi mirasyny gymmatly hazyna hökmünde aýap saklamak we geljek nesillere ýetirmek, nusgawy şahyrymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da artdyrmak barada bimöçber işler alnyp barylýar.

Täze taryhy döwürde Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilmegi, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de söz ussadynyň ajaýyp ýadygärliginiň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Şol ýerde daşary ýurtlaryň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň, akyldarlarynyň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýlan dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklara ygrarlydygynyň güwäsidir.

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny, halkara abraýyny pugtalandyrmakda, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny berkitmekde, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginde, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmekde, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşmakda, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde hem-de ýaýratmakda, wagyz etmekde we onuň ynsanperwer taglymatyny durmuşa ornaşdyrmakda, şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren hyzmatlaryny, saldamly goşandyny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeşler toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň kararyny nazara alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
12.02
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylyk döredijilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny ilerledip
12.02
Ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär
11.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk pudagy
11.02
«Arkadag» we «Al-Nassr» futbol toparlary duşuşdy
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
10.02
Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
10.02
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow