Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti Mary DES-niň zähmetkeşler toparynyň agzalary bilen duşuşdy
Jemgyýet
Türkmenistanyň Prezidenti Mary DES-niň zähmetkeşler toparynyň agzalary bilen duşuşdy
Çap edildi 19.01.2017
1837

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Marynyň DES-de işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagynyň barşynda zähmetkeşler toparynyň agzalary bilen söhbetdeş bolup, olaryň gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdi. Hormatly Prezidentimiz energetika senagatynyň kuwwatyny belläp, häzirki wagtda möhüm orun eýeleýän gaýtadan işleýän senagatyň mümkinçilikleriniň barha artýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz tebigy gazyň gaýtadan işlenilmeginiň halkara bazarynda uly islegden peýdalanýan önümiň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirjekdigini, munuň bolsa, öz nobatynda, ýurdumyza gelýän girdejiniň artmagyny üpjün etjekdigini belledi. Şeýlelikde, täze kuwwatlyklar, goşmaça iş orunlary peýda bolar. Munuň özi halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny, milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyny şertlendirer. Awtomobil ýollarynyň gurluşygy baradaky meselä ünsi çekip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli döwrebap derejedäki Aşgabat-Mary awtomobil ýolunyň gurluşygyna girişmek maksady bilen, degişli seljeriş işlerini ylmy esasda geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Ylym-bilim ulgamyny, telekeçilik işlerini, önüm öndürilişini, maldarçylyk pudagyndaky işleri has-da ösdürmegiň wajypdygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz häzir ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekýän köpsanly adamlaryň ägirt uly goşandyny belledi. Hormatly Prezidentimiz garaşsyz ösüşiň geçen 25 ýylynyň içinde Türkmenistanda halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nygtady. Gysga döwrüň içinde ýurdumyz senagat taýdan ösen döwlete öwrüldi, daşary syýasatda uly üstünlikleri gazandy. Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgeden ugur alýarys. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýasynda hem jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr diýip belledik. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesine öwrüldi. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzda ähli zady adamyň hatyrasyna, raýatlarymyzyň bolelin we abadan durmuşda ýaşamagynyň, ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ösüp ulalmagyna, mynasyp adamlar bolup ýetişmegine, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine gönükdirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şu belent maksatlarymyza ýetmek üçin, ýurdumyzy senagat taýdan ösen, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmegi öz öňümizde wezipe edip goýduk. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli harytlary halkara bazarlaryna has köp çykarmagy göz öňünde tutduk. Şeýle hem, ýurdumyza beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde giň gerim bilen öndürmegi meýilleşdirdik. Kabul eden maksatnamamyza laýyklykda ýurdumyzda elektron senagatyny döretmek boýunça hem netijeli işleri alyp bararys. Siziň gurluşygyny alyp barýan kärhanaňyz ýaly köp sanly iri zawod-fabrikleri geljekde hem giň gerim bilen gurarys. Nesip bolsa, göz öňünde tutan şu işlerimizi üstünlikli amala aşyryp, ýurdumyza köp möçberde daşary ýurt pul serişdeleriniň gelip gowuşmagyny üpjün ederis diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we gazanylan pul serişdeleriniň durmuş ähmiýetli desgalaryň gurulmagyna, şeýle hem ilatymyzyň zähmet haklaryny, pensiýalaryny köpeltmäge, maşgalalara tölenýän döwlet kömek pullarynyň möçberini yzygiderli artdyrmaga gönükdiriljekdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz häzirki gurulýan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň ýurdumyz üçin ähmiýetiniň uludygyny nygtady. Onuň ulanmaga berilmegi bilen, Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň umumy kuwwaty 2 esseden hem köp artar, ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has gowulanar, daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylar öňkä garanda 1,5 esse azalar, artyk öndürilen elektrik energiýa daşary ýurtlara iberilip, goşmaça girdeji alnar. Kärhana doly işe girizilenden soň, bu ýerde 100-e golaý goşmaça iş orunlary dörediler. Döwlet Baştutanymyz gurluşykçylardan we energetiklerden zähmet we dynç alyş şertleri, zähmet haklarynyň öz wagtynda berlişi bilen gyzyklanyp, bu ýere ýygnananlar bilen beýan edilen pikirleri we garaýyşlary ara alyp maslahatlaşdy hem-de olaryň sowallaryna, şol sanda ýurdumyzda geçiriljek Prezident saýlawlaryna degişli sowallaryna jogap berdi.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow