Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini gutlady
Çap edildi 02.12.2024
2460

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň netijeliligi bilen tapawutlanýandygyny aýdyp, onuň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, BAE-niň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. “Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size ýurduňyzyň bähbidine gönükdirilen ähli asylly başlangyçlaryňyzda we maksatlaryňyzda medet bersin!” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Soňky habarlar
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
11.11
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
11.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
11.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy
11.11
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow