Baş sahypa
\
Medeniýet
\
TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi
Medeniýet
TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 16.11.2024
467

Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisi geçirildi. Ol gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen esasy çäreleriň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu hormatly dereje türki dilli döwletleriň ruhy-taryhy däplerini alamatlandyrýan hem-de pederleriň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň subutnamasy bolup durýan geçmişiň beýik ýadygärliklerine — meşhur şäherlere berilýär.

Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, Änew dünýä ekerançylygynyň iň gadymy ojaklarynyň we geçmişiň ösen medeniýetleriniň möhüm merkezleriniň biri diýlip ykrar edildi. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda hem giňişleýin beýan edilýär. Şeýlelikde, XIX asyryň ahyrynda Änew medeniýetiniň ylmy taýdan açylmagy diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş Gadymy Gündogaryň ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmek üçin hem uly ähmiýete eýe boldy. Bu bereketli künjek milli ruhy-ahlak däplerini nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize ýetiren halkymyzyň baý medeni mirasyny özünde jemleýär.

Ýurdumyzyň gadymy ýadygärliklerini öwrenmek, türkmen taryhçylarynyň, arheologlarynyň, medeniýetşynaslarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde, täze taryhy döwürde Türkmenistan medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly dünýä halklarynyň arasynda özara düşünişmäge we ynanyşmaga ýardam bermek ýaly jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek bilen, öz eýeleýän aýratyn ornuny dünýä äşgär edýär. Mejlise gatnaşyjylar häzirki Türkmenistanyň ýeten sepgitlerine haýran galýandyklaryny bellediler. Ýurdumyz müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhyna we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan üstünliklerine buýsanmaga haklydyr.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň ýokary edarasynyň agzalary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenen hem-de TÜRKSOÝ-nyň çözgüdi boýunça Gündogaryň beýik şahyrynyň we akyldarynyň ýyly hökmünde yglan edilen şu ýylda bilelikdäki tagallalar bilen geçirilen çärelere ýokary baha berdiler. Şolaryň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, onuň çäklerindäki TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň we suratkeşleriniň forumy, “Gorkut ata” halkara kinofestiwaly, halkara maslahatlar, bäsleşikler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, konsertler bar.

Ýygnananlar medeni-ynsanperwer dialogy işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtap, bildirilen myhmansöýerlik we bu möhüm çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler. Bu çäreler türki dilli halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda saldamly goşant boldy. TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen köpugurly işleri we hemmetaraplaýyn goldaw-hemaýatlary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adyna çäksiz hoşallyk sözleri beýan edildi.

Mejlisiň dowamynda guramanyň türki dilli halklaryň ruhy gymmatlyklaryny, taryhy-medeni mirasyny halkara derejede öwrenmäge, wagyz etmäge hem-de gorap saklamaga gönükdirilen işiniň ileri tutulýan ugurlarynda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek boýunça anyk çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi. Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşi agza döwletlerden gelip gowşan maslahatlara we tekliplere garady hem-de olary nazara almak bilen, geljek 2025-nji ýyl üçin TÜRKSOÝ-nyň işiniň maksatnamasyny tassyklady.

Mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji Jarnama gol çekildi.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow