Baş sahypa
\
Resmi
\
Aşgabat şäheriniň 1970-nji köçesine professor Hans Maýsneriň adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Resmi
Aşgabat şäheriniň 1970-nji köçesine professor Hans Maýsneriň adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Çap edildi 10.10.2024
2395

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, halkymyzyň saglygyny goramak, ömür dowamlylygyny artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde Bitarap döwletimiz Germaniýanyň saglyk merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Bütin dünýäde giňden tanalýan, meşhur germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, professor Hans Maýsneriň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap türkmen-german gatnaşyklarynda saglygy goraýyş ulgamynyň kardiologiýa ugruny ösdürmekde, türkmen lukmanlarynyň arasynda halypa-şägirtlik mekdebini döretmekde, ýokary derejeli saglygy goraýyş hünärmenlerini taýýarlamakda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde we döwrebaplaşdyrmakda goşan uly şahsy goşandyny, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň haýyşnamasyny we Aşgabat şäher häkimliginiň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçesine meşhur germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «professor Hans Maýsner şaýoly» (professor Hans Meisner strasse) diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy

D.Gulmanowa.

Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
top-arrow