Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni my-nasybetli Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Resmi
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni my-nasybetli Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çap edildi 10.10.2024
2244

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy hem ýokary depginde ösdürilýär. Bu ulgamy öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine çykarmak boýunça alnyp barylýan tutumly işler halkara derejede giňden ykrar edilýär. Gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde ulgamyň işgärleriniň uly paýy bardyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli amala aşyrmaga, howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp we doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň berjaý edilmeginde, durmuş çygryny ösdürmekde, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş edaralarynyň işini ösdürmekde, hususan-da, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermekde, hemaýata mätäç çagalara hem-de ýaşlara maliýe we maddy kömegini guramak, maslahatlary, usuly taýdan kömek bermek işine uly goşant goşandygy, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan üstünlikleri üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň eks-Prezidentiniň iş dolandyryjysy Ýusupguly Aýlyýewiç Orazowy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň buhgalteriýasynyň baş hasapçysy Ýelena Aleksandrowna Çernowany,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň müdiriniň orunbasary Maýagözel Sapardurdyýewna Hojamberdiýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Ýusup Hojadurdyýewiç Işangulyýewi,

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory Maýa Hommadowna Öküzowany,

Mary welaýatynyň Gurbanguly hajy dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Amangeldi Agajanowiç Myradowy.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
top-arrow