Baş sahypa
\
Resmi
\
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Resmi
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Çap edildi 10.10.2024
1579

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde hem-de ony dünýä ýaýmakda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmekde, halklaryň arasynda dost-doganlygy we hyzmatdaşlygy berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik (kümüş) nyşany bilen sylaglamaly:

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewi,

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewi,

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Akimowiç Raýewi,

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hany,

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Janeş Keýni,

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş konferensiýasynyň başlygy Simona-Mirela Mikuleskuny,

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Musa Kulaklikaýany,

Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşy,

Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Sun Ýelini,

Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet ministri hanym Nura bin Muhammed Al Kaabini,

Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşawy goramak boýunça ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary Şeýh Faýsal bin Raşid bin Isa Al Halifany,

Yrak Respublikasynyň Premýer-ministriniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Arif Hammud Salim Al-Saedini,

Oman Soltanlygynyň medeniýet, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Saýed Sultan Ýarub Al Busaidini,

Saud Arabystany Patyşalygynyň medeniýet ministriniň orunbasary Hamed Mohammed H.Faýezi,

Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň «Fransiýa — Merkezi Aziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreýi,

Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň başlygy Makwala Gonaşwilini,

Katar Döwletiniň Medeniýet ministrliginiň medeniýet we sungat bölüminiň başlygy Abdurrahman bin Abdulla Al-Dileýmini,

Slowakiýa Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň direktorynyň orunbasary Gabriel Piriskini.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
top-arrow