Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylara hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine ýokary döwlet sylaglary gowşurmagy tabşyrdy
Resmi
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylara hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine ýokary döwlet sylaglary gowşurmagy tabşyrdy
Çap edildi 27.09.2024
3205

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendigi, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandygy üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal we göreldeli zähmetini, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, döwlet, jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy.

* * *

Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunylygy, hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.

Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
top-arrow