Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri
Çap edildi 24.09.2024
542

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, milli däp-dessurlarymyzyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň, özboluşly medeni mirasymyzyň ähmiýetini çeper şöhlelendirýän döwrebap, kämil eserleri döredendikleri, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin we bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

1. Şu döredijilik işgärlerini edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan etmeli we şu baýraklar bilen sylaglamaly:

Iň gowy goşgular we poemalar üçin:

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner, şahyr Didarberdi Allaberdiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Suraý Meretberdiýewna Babanyýazowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby Selbi Ahmet gyzy Atajanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Iň gowy makalalar we oçerkler üçin:

«Türkmenistan» gazetiniň çapa goýberijisi Öwezmyrat Ataýewiç Geldibaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Işangulyýewiç Ussaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Göwher Jumageldiýewna Nuryýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Aziz Ahmetjanowiç Hasanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Türkmen edebiýaty we edebi gatnaşyklar bölüminiň uly ylmy işgäri Baýrambike Tirkeşowna Toýlyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň mugallymy Annagözel Orazberdiýewna Hallyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ekologiýa we ekologiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Bahadir Saburowiç Ýuldaşowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Ejegül Gurbanamanowna Atabaýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň jogapkär kätibi Gülşat Dörtgulyýewna Orazmyradowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň täze we garaşsyzlyk döwürleriniň taryhy bölüminiň esasy ylmy işgäri Tyllanur Ataýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy hekaýalar, terjimeler, powestler we romanlar üçin:

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň içeri we daşary ýurt habarlary bölüminiň baş goýberijisi Arslan Kakalyýewiç Jelilowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy kitaplar, neşir önümleri we
dizaýn-bezeg işleri üçin:

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Gündelik däl neşirleri çykarmak we meýilleşdirmek müdirliginiň jemgyýetçilik-syýasy kitaplary we çagalar neşirlerini çykarýan bölüminiň başlygy Bagtygül Muratowna Nepesowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi Kakajan Babahanowiç Janbekowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen edebiýaty we edebi gatnaşyklar bölüminiň uly ylmy işgäri Allaýar Çüriýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy teleradiogepleşikler toplumy üçin:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Watan» habarlar bölüminiň režissýorynyň assistenti Gülnabat Nurmuhammedowna Hojamgulyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Watan» habarlar bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Döwletdurdy Myratdurdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň teleoperatorlar toparynyň ýolbaşçysy Merdan Baýrammuhammedowiç Hallabowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň teleoperatory Döwletgeldi Ataýewiç Kakaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Watan» radioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Annagül Mollaataýewna Gurtjyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň «Çar tarapdan» radioýaýlymynyň habarlar bölüminiň jogapkär kätibi Ogulmaral Ýagmyrowna Myratberdiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň «Miras» radioýaýlymynyň hazynalar çeşmesi bölüminiň jogapkär kätibi Oguljahan Ýazdurdyýewna Gurbanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň folklor, halk döredijiligi bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Altynbibi Seýitmyradowna Geldiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň «Owaz» radioýaýlymynyň habarlar we terjime bölüminiň welaýat habarçysy Ahmet Kakadurdyýewiç Ýazmämmedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň syýasat bölüminiň jogapkär kätibi Göwher Baýgeldiýewna Gelenowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymynyň çagalar we ýetginjekler bölüminiň müdiri Kerim Annamyradowiç Nepesowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Teleradiomerkezi» döwlet kärhanasynyň ýaýlym sehiniň baş hünärmeni Arkadiý Eduardowiç Petrosýany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Teleradiomerkezi» döwlet kärhanasynyň baş inženeri Şöhrat Kakalyýewiç Kakabaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Ýokary tilsimatlar merkezi» hojalyk jemgyýetiniň direktory Ilaman Buriýewiç Karliýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy kinofilmler, sahna oýunlary we
çykyşlary üçin:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik toparyny (baş ýolbaşçysy Myrat Hydyrmämedowiç Aradow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň döredijilik toparyny (režissýory Amangelen Hudaýberdi ogly Hudaýberdiýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady Azat Ýegengylyjowiç Didarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aman Gulmämmedow adyndaky Arkadag şäher döwlet drama teatrynyň ýokary derejeli drama artisti Hudaýberdi Atagulyýewiç Annarejepowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Atageldi Dowletowiç Rozyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy tans, halk döredijiligi we
aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary üçin:

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparyny (çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhammedowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň döwlet tans toparyny (çeper ýolbaşçysy Didar Bäşimowiç Agaýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň döwlet tans toparyny (baş baletmeýsteri Şamyrat Gurbanowiç Hojaýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik merkezi tans toparyny (çeper ýolbaşçysy Gözel Gurbanmyradowna Gurbanowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat;

Aýdymçynyň ýokary ýerine ýetirijilik
ussatlygy üçin:

Aman Gulmämmedow adyndaky Arkadag şäher döwlet drama teatrynyň saz bölüminiň müdiri Şamyrat Amanmyradowiç Çaryýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Çagalar sungat mekdebiniň hor sungaty bölüminiň mugallymy Gözel Guwançewna Hojaýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap medeniýet merkeziniň tans artisti Selbi Şyhymbaýewna Kakanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy, aýdymçy Murat Rejepowiç Işankulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylar toparynyň ýokary derejeli artist-wokalisti Goçmyrat Orazgeldiýewiç Atajykowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, aýdymçy Bagtyýar Musagulyýewiç Rozyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli bölüminiň aýdym-saz mugallymy Şatlyk Bagybekowiç Amanlykowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Sazandanyň ýokary ýerine ýetirijilik
ussatlygy üçin:

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Merdan Annamuhammedowiç Ataýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 3-nji ýyl talyby Eziz Baýramdurdyýewiç Bäşiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň döwlet simfoniki orkestriniň ýokary derejeli artisti-solisti, instrumentalisti Didar Derýageldiýewiç Ýomudowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy aýdym-saz eserleri üçin:

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň hor dirižýorlygy bölüminiň mugallymy Guwançmuhammet Gurbanmuhammedowiç Saparalyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Kakajan Begençewiç Hudaýberdiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Medeni-köpçülik çäreleriniň ýokary derejede guramaçylygy üçin:

«Ahal owazlary» aýdym-saz, tans toparynyň estrada orkestriniň I derejeli artisti (sazanda) Aýsoltan Rozysähedowna Ýagşymyradowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirliginiň döwlet ideologiýasyny wagyz ediş bölüminiň uly hünärmeni Batyr Aşyrmuhammedowiç Dädebaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň mugallymy Aýbölek Gulmämmedowna Repbimowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleri, fotosuratlar, senetçilik we
taslama-bezeg işleri üçin:

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 3-nji ýyl talyby Begmuhammet Azadowiç Mätiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Geldimyrat Annaberdiýewiç Babaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň mugallymy Şöhrat Allaberdiýewiç Myradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 6-njy ýyl talyby Serdar Döwranowiç Paýzullaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy halylar, haly önümleri we keçeler üçin:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Arkadag şäheri» atly (boýy 2,76 metr, ini 2,26 metr) peýzaž halyny dokan toparyny (13 adam, ýolbaşçysy Mähri Orazberdiýewna Annaberdiýewa) 9 100 (dokuz müň bir ýüz) manat,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, halyçy Gunça Hydyrowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Ogulhan Garlyýewna Rozyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat.

2. Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kararyň birinji böleginde görkezilen baýraklar üçin jemi 264 600 (iki ýüz altmyş dört müň alty ýüz) manat möçberdäki pul serişdelerini Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan tölemeli.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow