Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Resmi
Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Çap edildi 24.09.2024
3854

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň we täjirçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, täzeçil pikirlenip bilýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Şulary tassyklamaly:

Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny;

Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny.

2. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary şu Permanyň birinji böleginde görkezilen Strategiýada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry.

Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
top-arrow