Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görýär
Jemgyýet
Türkmenistan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görýär
Çap edildi 27.08.2024
566

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri möhüm meseleleri bilelikde, şöhratly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däbine daýanyp ara alyp maslahatlaşypdyr we çözüpdir. Häzirki döwürde bu asylly däpler Halk Maslahatynyň işinde öz beýanyny tapýar. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Şu günler ýurdumyzda döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň öňden gelýän demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli foruma işjeň taýýarlyk görülýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde, Maslahat köşgünde geçiriler. Ony ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk komiteti döredildi. Häzirki wagtda ol degişli toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.

Öňümizdäki umumymilli forum, gürrüňsiz, ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli waka öwrüler. Oňa taýýarlyk görmek işleri hemişe giň jemgyýetçiligiň üns merkezinde durýar. Munuň özi Diýarymyzda demokratik özgertmeleriň barha dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlüp, hormatly Prezidentimiziň syýasy strategiýasynda üstünlikli dowam etdirilýän asylly başlangyçlar esasynda hakyky halk häkimiýetliliginiň binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Munuň özi her bir raýatyň, jemgyýetiň Watanymyzyň ykbaly we geljegi baradaky jogapkärçiligini artdyrmaga ýardam edýär.

“Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgelerden ugur alnyp, ýurdumyzda ähli ulgamlarda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, giň gerimli maksatnamalar, taslamalar durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Senagatlaşdyrmak, sanlylaşdyrmak işi yzygiderli dowam etdirilýär, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şunda ekologik meselä aýratyn ähmiýet berilýär.

Garaşsyz Watanymyzyň dünýä giňişliginde eýeleýän orny berkeýär, onuň halkara abraýy belende galýar. Ýurdumyz dünýäniň döwletleri bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklap, sebit hem-de ählumumy derejede deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürmek bilen, parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu ýylynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýändigi bellärliklidir. Ýylyň her bir güni ajaýyp üstünliklere beslenýär. Biz ýetilýän belent sepgitleriň şaýatlary bolýarys. Beýik türkmen şahyrynyň ajaýyp eserlerinde eden arzuwlary häzirki wagtda hasyl bolýar. Bu üstünlikleriň ählisi ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine ygrarly halkymyzyň maksada okgunlylygy, tutanýerli zähmeti, watansöýüjiligi netijesinde gazanyldy. Türkmenistanlylar Watanymyzyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanyp, umumy asylly işe saldamly goşant goşýarlar. Raýatlarymyz döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga giňden çekilip, olary çözmäge işjeň gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi barada aýdylanda, degişli Konstitusion kanuna laýyklykda, ol demokratiýa, açyklyk, adalatlylyk, kanunyň rüstemligi, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň, raýatyň kanunyň öňünde deňligi, adamyň hukuklaryna, azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek ýaly ýörelgelere esaslanýar. Şunda türkmen jemgyýetiniň asyrlaryň dowamynda emele gelen gymmatlyklarynyň, häzirki döwrüň ösüşiniň sazlaşygy öz beýanyny tapýar.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisinde geçen döwürde alnyp barlan işleriň jemi jemlener, ýakyn we uzak möhletli geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitleniler, olary çözmegiň ýollary babatda tekliplere garalar. Häzirki wagtda ýurdumyzda umumymilli forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Mejlisiň gün tertibini hem-de resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmenistanlylara öňümizdäki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähmiýetini düşündirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gysga taryhy döwrüň dowamynda Türkmenistanda döwleti dolandyrmagyň demokratiýa we hukuga esaslanýan ygtybarly nusgasy döredildi. Jemgyýetiň her bir agzasynyň erk-islegini beýan etmeginiň netijeli ulgamy kemala geldi. Geçen ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan işler esasynda halkyň we hökümetiň, döwletiň we raýatyň arasynda mizemez arabaglanyşyk üpjün edildi.

Bu başlangyçlarda ýurdumyz halk häkimiýetiniň gadymy däpleri, ata-babalarymyzyň döwlet gurmakdaky baý tejribesi bilen birlikde, öňdebaryjy dünýä tejribesine hem daýanýar. Hormatly Prezidentimiziň döwleti dolandyrmak ulgamyny hukuk taýdan kämilleşdirmek hem-de jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary Watanymyzyň okgunly ösmegine ýardam berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan şan-şöhrata beslenen işleri dowam etdirmek bilen, ösüşiň täze, belent sepgitlerine çykýar. Geljekde tagallalary birleşdirip, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin ähli ugurlarda tutanýerli zähmet çekmelidiris. Hut şunda Halk Maslahatyna uly orun degişlidir.

Şeýlelikde, nobatdaky Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirligini we jebisligini alamatlandyryp, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň senenamasyna aýdyň sahypalary ýazmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döredijiligiň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe gitmeginiň ýolunda möhüm ädime öwrüler.

Soňky habarlar
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşýar
08.10
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
08.10
Вышел в свет очередной номер журнала «Аркадаглы яшлар»
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady
07.10
Çopanow N.Ö. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
07.10
N.P.Handurdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
07.10
Döretmek we gurmak — döwletiň hem jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şerti
07.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
07.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 395 müň dollaryndan gowrak boldy
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow