Baş sahypa
\
Resmi
\
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Resmi
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Çap edildi 25.08.2024
3205

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny ösdürmek, kämil aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ajaýyp döwrümiziň beýik ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny wasp etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan dutarçy bagşy-sazandalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Mähri Agaýusupowna Hommetnazarowa;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň dutar mugallymy Baýramgeldi Ýazgeldiýewiç Atadurdyýew;

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň saz mugallymçylygy bölüminiň mugallymy Bagtyýar Allaberdiýewiç Täçdurdyýew;

Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Jumaguly Nurmyrat ogly Ataýew;

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň mugallymy Gülbahar Allamyradowna Bagşyýewa;

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Gurbanmyrat Aşyrmuhammedowiç Hojamgulyýew;

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher çagalar sungat mekdebiniň milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Sahydursun Aýdogdyýewna Mätiýewa;

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň dutarçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Dawut Tutmyradowiç Gulbaýew;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby Dünýägözel Berdibaýewna Gutlyýewa;

çagyryş boýunça harby gullukçy Bezirgen Merdan ogly Kakaýew;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby Akjemal Aganyýaz gyzy Halmyradowa;

Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Halaç etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Mergen Arslangulyýewiç Asdanow;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby Kerim Täçmuradowiç Pirnepesow;

Mary welaýatynyň Mary etrap medeniýet bölüminiň Diýar geňeşligindäki Kelteler oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Söhbet Tirkişowiç Çopanow.

Soňky habarlar
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
17.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
17.10
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
16.10
Türkmenistan ynsanperwer gün tertibi boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýär
16.10
Arkadag şäherine täze halkara sylag gowşuryldy
15.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze önümçilik desgasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyndaky çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow