Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
Jemgyýet
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
Çap edildi 24.08.2024
932

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Bu maslahatda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de täze 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahat başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar hem-de bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler. Sergi Türkmenistanyň bilim ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanyp, ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezdi.

Soňra maslahat öz işine başlap, onda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryna we dürli derejeli wekillerine çykyş etmekleri üçin söz berildi.

Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir gününiň bilim ulgamynda hem döredijilik üstünliklerine, şanly wakalara beslenip, ýurdumyzyň täze taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýandygyny nygtadylar.

2023-2024-nji okuw ýylynda çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizligi we onuň ähli derejeleriniň yzygiderliligi üpjün edildi diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen işlenilip taýýarlanan hem-de taryhy Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda 2024-2025-nji täze okuw ýylyndan iň gowy dünýä we milli tejribeleri esasynda bilim özgertmeleriniň täze tapgyryna badalga berildi.

Mundan başga-da, çykyşlarda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň aýrylmaz bir bölegi bolan mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralary tarapyndan çagalaryň we ýetginjekleriň ukyplaryny, zehinlerini we ruhy talaplaryny kanagatlandyrmak, olaryň boş wagtlaryny netijeli peýdalanmaklaryny guramak, dürli hünärlere ugrukdyrmak we hünäri oýlanyşykly saýlap bilmeklerini guramak arkaly goşmaça bilim berilýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, tebigy-ylmy we ekologiýa, tehnologiýalar binýatly ylmy-tehniki, dil, medeni miras we milli senetçilik, etika-estetika, çeper döredijilik we durmuş, medeni-guramaçylyk, bedenterbiýe we sport ugurly gurnaklarda çagalaryň orta mekdeplerde alan bilimlerini has-da çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigi nygtaldy.

Çykyşlaryň dowamynda halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak ugrunda alnyp barlan işler barada hem durlup geçildi. Şeýle hem bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy boýunça ýerine ýetirilýän işlere üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň meşhur ylym-bilim merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy barada aýdylyp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň netijesinde 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «UNITWIN» halkara maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň Ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralarynyň açylandygy, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarymyzdaky umumybilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasynyň toruna girizilendigi nygtaldy.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty we ondaky çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleriň milli bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine hem-de barha kämilleşýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigini ýüze çykardy. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleri bilen ýurdumyzyň dünýäniň bilim babatda ösen döwletleriniň birine öwrülýändigini ykrar edýän gazanylýan ajaýyp üstünlikler bilim ulgamynyň işgärlerini gujur-gaýratly zähmet çekmäge, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlary täze bilimlere we ylymlara ruhlandyrýar!

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow