Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan — parahatçylygyň we abadançylygyň mekany
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan — parahatçylygyň we abadançylygyň mekany
Çap edildi 04.08.2024
883

Geçen hepde ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän wakalara baý boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli işleri ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilendir.

29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara, ammarlara daşamak hem-de ýerleşdirmek boýunça işler dowam edýär. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl, hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi babatda zerur çäreler görülýär. Orakdan boşan meýdanlary sürmek, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak babatda degişli işler alnyp barylýar. Daýhanlaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň gowaça, şaly, gant şugundyry ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça zerur çäreler geçirilýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin degişli çäreler görülýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, howdanlara suw toplamak, derýalaryň kenarlaryny berkitmek, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz pudagyň kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, maddy-tehniki binýadyny, önümçilik, hojalyk işlerini yzygiderli seljerip durmagy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy tabşyrdy. Olaryň durkuny täzelemek we täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmegiň, önümiň, ýerine ýetirilýän işleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek üçin toplumlaýyn çäreleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi. Oba hojalyk ylmy-barlag institutlary tarapyndan bugdaýyň, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyny gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işler boýunça aýratyn tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz halkyň sarp edýän azyk harytlarynyň görnüşlerini we öndürilýän möçberini artdyrmagy, döwlet tarapyndan satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň, oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin berlen ýer serişdeleriniň maksadalaýyk, netijeli ulanylmagyny üpjün etmegi, Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy. Şeýle-de ýurdumyzyň suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, goşmaça suw gorlaryny döretmek babatda zerur işleriň durmuşa geçirilmegi bilen bagly görkezmeler berildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň özboluşly ekoulgamlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işlere berk gözegçilik etmegi, maldarçylyk, guşçulyk pudagyny ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi, atçylygy ösdürmäge uly üns berip, atlaryň baş sanyny köpeltmegi, bu ugurda alnyp barylýan işleri ylmy esasda guramagy tabşyrdy. Mundan başga-da, kabul edilen maksatnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleriň görülmeginiň, sebitlerde desgalaryň we binalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna, hiline berk gözegçilik etmegiň möhümdigi bellenildi hem-de bu babatda degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlardaky mekdeplerde abatlaýyş işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahaty ýokary derejede guramagy, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna häzirden gowy taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy. Şeýle hem maslahatda käbir welaýatlaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere garaldy.

30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda umumy bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. BMG-niň esas goýujy halkara şertnamalarynyň, konwensiýalarynyň, ýaragsyzlanmak babatda köptaraplaýyn resminamalaryň ençemesiniň gatnaşyjysy bolmak bilen, ýurdumyzyň öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigi bellenildi. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçip, seýsmologiýa we monitoring ugurlarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine ünsi çekdiler.

31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de öz ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Duşuşygyň dowamynda döwletara dialogyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şunda durnukly ösüşi üpjün etmek, howpsuzlyk, howanyň üýtgemegi ýaly meselelere aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, ýangyç-energetika, magdan önümçiligi, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar babatda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen gazyny Türkiýe Respublikasyna we Ýewropa ýurtlaryna ibermegiň mümkinçilikleri, Hazar deňziniň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türk tarapynyň tekliplerine garamaga hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalary bilen nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berilýändigini, hemişe bolşy ýaly, olaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda dynç alyp biljekdiklerini aýtdy.

Halkara maglumat giňişliginde «Türkmenistanyň energetika hepdeligi» atlandyrylan geçen hepdäniň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Koreýa Respublikasynyň we beýleki ençeme ýurtlaryň kompaniýalary bilen duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda uzak möhletli taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň ADNOC (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda «Galkynyş» gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns çekildi. Taraplar bu käni özleşdirmegiň taslamasynyň hukuk, täjirçilik, maýa goýum, maliýe, tehniki we beýleki düzüm bölekleri barada pikir alyşdylar. Bu meýilnamalar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Со., Ltd.” kompaniýasynyň wekiliýeti bilen «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek meseleleri boýunça nobatdaky geňeşmeleri geçirdiler. Onda agzalan taslamanyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi, şunda hukuk taýdan üpjünçilik we işiň guramaçylyk meseleleri wajyp orunda durýar.

Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekiliýet “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine laýyklykda, mejlisde pudagara toparyň 2024-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy we adam hukuklary, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, enäniň, çaganyň saglygyny, maýyplaryň hukuklaryny goramak, ýaşlar syýasaty babatda milli meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paýtagtymyzda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň X, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XVII mejlisleri geçirildi. Olaryň barşynda guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlislerde A.Durdyýewanyň başga işe geçmegi sebäpli, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň täze ýolbaşçysyny saýlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu wezipä birnäçe dalaşgär hödürlenilip, olaryň her biriniň hünär, guramaçylyk we beýleki ukyp-başarnyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ses bermegiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine O.Berdiliýewa biragyzdan saýlanyldy. Bu barada degişli kararlar kabul edildi.

30-njy iýulda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Tährana iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri dostlukly ýurduň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Wise-premýer Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we mähirli gutlaglaryny ýetirdi. Söhbetdeşler ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigi, onuň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy nygtaldy.

3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy we täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleri, gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Çeper halyçylyk kärhanasy, lukmançylyk klasteri bina ediljek desgalaryň hatarynda görkezildi.

Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň 1-nji awgustdan Hökümet agzalaryna dynç almaga rugsat berendigini belläp, özüniň hem zähmet rugsadyna gidýändigini aýtdy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmäge goşant goşmak şol syýasatyň aýrylmaz bölegidir.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow