Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Adam baradaky alada — Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň möhüm ugry
Hepdäniň wakalary
Adam baradaky alada — Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň möhüm ugry
Çap edildi 14.07.2024
1071

Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Netijede, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgama geçmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

8-nji iýulda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda galla oragy guramaçylykly dowam edýär. Ýygnalan hasyl galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, şol sanda elewatorlara ýitgisiz daşalýar. Önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm geçirmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Maslahatda Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleri edermen gallaçylaryň bugdaý hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary aýtdylar.

Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak bilen bir hatarda, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Mundan başga-da, bu ekinleriň güýzki ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa güýzlük gant şugundyryny ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzda azyk bolçulygynyň döredilýändigini, bu ugurda gallaçy daýhanlarymyzyň ýeten sepgitleriniň aýratyn bellenilmäge mynasypdygyny aýtdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

9-njy iýulda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk”, 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 7-nji iýulda geçirilen saýlawlaryň ahyrky netijeleri jemlenildi. Çärä merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Nygtalyşy ýaly, saýlawlar bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçdi, şeýle hem saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenildi. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna üç saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan 79 müň 121 adam gatnaşdy. Bu bolsa bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göterimine deňdir. Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde beýleki birnäçe guramaçylyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere garalyp, ýylyň ikinji ýarymy üçin wezipeler kesgitlenildi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda bolsa 9,3 göterime deň boldy. Bellenilişi ýaly, geçen alty aýda baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 102,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 101,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,2 göterim berjaý edildi. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 20,8 göterim artdy we jemi içerki önümiň 17,3 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 48,5 göterimi önümçilik, 51,5 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.

Şu ýylyň birinji ýarymynda tebigy gazy, nebiti çykarmagyň, elektrik energiýasyny we beýleki önümleri öndürmegiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýokary görkezijilere eýe boldy. Ulag-kommunikasiýa pudagynda-da öňegidişlikler gazanyldy. Ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberiniň artmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 12,7 göterim artdy. Oba hojalygynda şu ýylyň alty aýynda, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen gök önümleriň möçberi 7,4 göterim, ýeralmanyňky 11,4 göterim, miwe we ir-iýmişleriňki 1,2 göterim, süýt 0,5 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 0,6 göterim ýokarlandy. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn netijeler gazanyldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk, azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi 112,1 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 103,2 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz biziň alyp barýan syýasatymyz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi.

Mejlisiň dowamynda ykdysadyýeti mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, halkara tejribeden ugur alyp, innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň möhüm ugurlary kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, şu ýylyň ahyryna çenli Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigine aýratyn üns çekdi. Geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy oýlanyşykly hem-de öz wagtynda durmuşa geçirilmelidir. Halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kärhanalaryň önümçilik kuwwatynyň ulanylyşyny gözegçilikde saklamak, ykdysadyýetde puluň kadaly dolanyşygyny gazanmak, milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň çeşmelerini yzygiderli öwrenmek wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz milli puluň hümmetini durnukly saklamak boýunça hemişe degişli işleri geçirmegi, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

“Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Netijede, welaýatlarda, şäherlerde, etraplarda meýdany 454 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki desgalaryň gurluşyklary alnyp barylýar.

Göz öňünde tutulan meýilnamalara görä, milli energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasy amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, geçen ýarym ýylda milli ykdysadyýetimiz durnukly ösdürildi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalar döredildi, köp sanly senagat desgalary gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilýändigi aýdyldy. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz geljekki meýilnamalara ünsi çekip, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara hem-de milli derejedäki çäreleriň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyna üns çekildi. Garaşsyzlygyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini kesgitlemek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak barada Kararyň kabul edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýruklaryna laýyklykda, 2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalary, 2024-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, agzalan bilim edaralaryna okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli zähmet rugsadyny berýändigini aýtdy. Olar şol döwrüň dowamynda ýurdumyzyň şypahanalarynda dynç alyp bilerler. Şeýle hem mejlisde ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere garaldy, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalar kabul edildi.

Her ýyl bellenilýän halkara sene — Bütindünýä ilat güni mynasybetli 11-nji iýulda paýtagtymyzda geçirilen 2024-nji ýylda dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabatyň tanyşdyrylyş çäresini geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama umumy maksatlara ýetmek üçin taraplaryň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmasyny tassyklady.

12-nji iýulda “Oguz han” köşkler toplumynda ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize ussat gallaçy babadaýhanlarymyzyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyrandyklary baradaky hoş habary ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumynda gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Bu özgertmeler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga gönükdirilendir.

Şol gün Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara edermen gallaçylaryň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.

13-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň, käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda kanunlaryň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi.

Geçen hepdede haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň galan topary Watanymyza gaýdyp geldi. Olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan ýörite guralan uçar gatnawy arkaly Saud Arabystany Patyşalygyna iberildi. Ildeşlerimiz dünýäniň ähli künjeklerinden mukaddes Käbä zyýarat etmäge baran köp sanly zyýaratçylaryň hataryna goşuldylar. Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý eden döwründe Beýik Biribardan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadançylygyny, döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň jan saglygyny dileg etdiler.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Bu syýasat ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, ylmy-tehniki ösüşde belent sepgitlere ýetmäge, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamaga, halkymyzyň, hususan-da, ýaş nesliň döredijilik kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow