Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeligi — 2024: dördünji gün
Medeniýet
Medeniýet hepdeligi — 2024: dördünji gün
Çap edildi 25.06.2024
1850

Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda, şu gün ýurdumyzda taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak we öwrenmek babatda giň gerimli işleriň ähmiýetini açyp görkezýän hem-de milli medeniýetimizde, şol sanda sirk sungatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan çäreler geçirildi.

Medeni forumyň muzeý işiniň hünärmenlerinden, döredijilik işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat topary irden Paryzdepe taryhy ýadygärligine bardylar. Bu ýerde “Taryhy-medeni ýadygärliklerde 2023-nji ýylda alnyp barlan gazuw-barlag işleriniň netijelerini ylmy dolanyşyga girizmegiň ähmiýeti” atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet okuw maslahaty geçirildi.

Türkmenistan has irki döwürlerde gurluşygyň ýokary derejä ýetendigine, halk amaly-haşam sungatynyň, binagärliginiň rowaçlanmagyna getiren senetçiligiň ösendigine şaýatlyk edýän taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurtdur. Bu ýadygärlikler häzirki wagtda döwlet tarapyndan goralyp saklanýar. Halkymyzyň özboluşly medeni mirasy nesilden-nesle geçirilip gelinýän ägirt uly ruhy hazynadyr. Türkmeniň ruhy däpleri umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda bolmak bilen, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy we medeni ýadygärlikleri, türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamak boýunça döwletimiziň we jemgyýetimiziň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlän işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Şu gezekki çärä gatnaşyjylar adamzadyň umumy medeni mirasynyň möhüm bölegi bolan taryhy desgalary dikeltmek, öwrenmek we wagyz etmek boýunça hünärmenler tarapyndan geçirilýän ylmy-gözleg işleri bilen tanyşdyryldy.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň milli taryhy-medeni mirasynyň desgalarynyň döwlet sanawynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu sanaw Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan neşire taýýarlanylypdyr.

Medeniýet hepdeliginiň çäreleriniň çäklerinde Aşgabatda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Binagärligiň gadymy milli däpleriniň we dünýäniň şähergurluşyk ýörelgeleriniň sazlaşygy esasynda gurlan täze döwrebap binanyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanda milli medeniýetiň we sungatyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Günüň ikinji ýarymynda “Märkaw” myhmanhanasynda žurnalistler üçin “Magtymguly — umumadamzat şahyry” atly metbugat brifingi geçirildi. Onda türkmen şahyrynyň bimöçber döredijilik mirasyny mundan beýläk-de öwrenmek nukdaýnazaryndan häzirki wagtda amala aşyrylýan işleriň ähmiýetine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, halkymyzyň ruhy mirasyny, taryhyny wagyz etmekde häzirki zaman usullarynyň peýdalanylmagy maddy däl milli gymmatlyklary gorap saklamakda esasy ugur bolup durýar. Žurnalistikanyň we sanly tehnologiýalaryň usullarynydyr tärlerini işe ornaşdyrmak arkaly döredijilik işgärleri halkymyzyň gaýtalanmajak däplerini, dil üsti bilen halk döredijiligini hem-de tans sungatyny wagyz etmekde has oňyn netijeleri gazanyp bilerler.

Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer taglymlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylmymyzyň, medeniýetimiziň we sungatymyzyň galkynmagy netijesinde aýratyn joşgun bilen ýaňlanýandygy nygtaldy.

Türkmenistanda sirk sungaty ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda depginli ösýän ugurlaryň birine öwrüldi. Bu sungat diňe bir çagalary däl, eýsem, uly ýaşdakylary hem özüne çekýär. Sirk çykyşlaryna tomaşa etmek maşgala bolup dynç almagyň iň oňaýly görnüşleriniň biridir. Sebäbi onuň çykyşlary ähli nesliň wekillerinde birmeňzeş duýgulary oýarmak bilen, köpçüligi özüne çekýär. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki tarapyndan taýýarlanylan “Görogly” atly sahnalaşdyrylan sirk tomaşasynyň ilkinji görkezilişi günüň agşamky maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy.

Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhynyň ýelden ýüwrük ahalteke atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy bellärliklidir. Halkymyz güýç-gaýratyny, zehinini we ruhuny siňdirip, tebigat bilen baglanyşykda gaýtalanmajak eseri döredipdir. Häzirki wagtda ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ählihalk dabaralarymyzyň bezegidir.

Şeýlelikde, Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky güni milli medeniýetimiziň köpugurlylygyny ýene bir gezek görkezdi. Munuň özi türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda döreden baý mirasyny gorap saklamak, hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin ony baýlaşdyrmak, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmek boýunça geljekki işleriň ugruny kesgitledi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
18.09
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
17.09
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
17.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň saýlanan Baştutanyny gutlady
16.09
Türkmenistanda zähmet bazaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
15.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Häzirki döwürde amala aşyrylýan köpugurly maksatnamalaryň, özgertmeleriň ählisi her bir adamyň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerini göz öňünde tutýar
top-arrow