Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabat Aziadasynyň keşbi etnografiýa özboluşlylygy hem-de bezegiň täsinligini özünde jemleýär
Medeniýet
Aşgabat Aziadasynyň keşbi etnografiýa özboluşlylygy hem-de bezegiň täsinligini özünde jemleýär
Çap edildi 06.01.2017
2950

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi we tumary tassyklanyldy. Aziada-2017-niň dürli keşpler toplumynyň üsti ýurdumyzyň milli hem-de etnografiki özboluşlylygyny, medeni-taryhy aýratynlyklaryny, onuň tebigat dünýäsini we halk däp-dessurlaryny görkezýän çuň manyly alamatlar bilen ýetirildi. Tutuş suratda ýaşaýşyň ýagty alamaty duýulýar, onda eýýamlar, ýylyň dürli pasyllary we türkmen tebigatynyň dürli landşaftlary birleşipdir. Ine, uç-gyraksyz çölüň belent alaňlarynyň üstünden düýeleriň “kerweni” ýüzüp barýar. Aziadanyň keşbiniň nagyşlarynda meşhur türkmen taryhy ýadygärlikleriniň we täze ajaýyp binalaryň sudurlary, ak öýleriň, haly gölleriniň, zergärçilik sungatynyň önümleriniň şekilleri we hatda pälwanlaryň tutluşýan şekilleri hem mese-mälim görünýär. Bularyň ählisi özboluşlylygyň hem-de parahatçylyk söýüjiligiň jarnamasy, umumy ajaýyp geljegiň bähbidine halklaryň arasyndaky döredijilige, dostluga çagyryş hökmünde Aziadanyň keşbinde köpöwüşginli hem-de aýdyňlyk bilen beýan edilipdir.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow