Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi
Sport
Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi
Çap edildi 01.06.2024
1090

Şu gün, asylly däbe görä, Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy. Dabaralar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda bina edilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Tennis toplumynda geçirildi. Indi Merkezi Aziýa sebitindäki bu iň iri sport desgasy giň gerimli sport ýaryşlaryny geçirmäge, türgenleri taýýarlamaga we saglygyny berkitmek isleýänleriň ählisine hyzmat edýär.

Festiwalyň maksady çagalary we ýetginjekleri bedenterbiýe, sport bilen, şol sanda tennis bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmekden, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, çagalar hem-de ýaşlar sporty ulgamynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde iri ýaryşlary guramak üçin baý tejribesidir mümkinçilikleri bar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär. Türk-menistanyň Tennis federasiýasy sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga dürli ýaşdaky raýatlary çekmek boýunça uly işleri alyp barýar. Ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda, mekdebe çenli hem-de mekdep ýaşly çagalaryň arasynda tennis boýunça yzygiderli geçirilýän ýaryşlar onuň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär.

Türkmen tennisçileri halkara ýaryşlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler. 2023-nji ýylda türkmenistanly tennisçiler 39 medal gazandylar (şolardan 12-si altyn, 10-sy kümüş, 17-si bürünç). Şeýle hem Diýarymyzda tennis boýunça dürli ýaryşlar, Halkara Tennis federasiýasy (HTF) tarapyndan 2013-nji ýylda döredilen we her ýyl mart aýynyň birinji duşenbesinde bellenilýän Bütindünýä tennis gününiň çäklerinde ýaryşlar geçirilýär. Bu ýaryşlar Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan ençeme gezek guraldy. Şeýle çäreleriň dynç günleri geçirilýän ýaryşlar hökmünde yzygiderli guralmagy göz öňünde tutulýar.

Aziýanyň Tennis federasiýasy (ATF) Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Aşgabatda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýanyň toparlaýyn çempionatynyň guralyşyna ýokary baha berdi. ATF-niň ýolbaşçylary 2023-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň toparlarynyň gatnaşmagynda Olimpiýa şäherçesinde geçirilen sebit çempionatynyň tennis ýaryşlaryny guramagyň ajaýyp nusgasydygyny bellediler. Stol tennisi hem Türkmenistanda ýylsaýyn meşhurlyk gazanyp, ýaş türgenleri täze üstünliklere ruhlandyrýar. Onuň XIX asyrda Beýik Britaniýada döredilendigini bellemek gerek. Wagtyň geçmegi bilen, bu oýun bütin dünýä ýaýrady.

Halkara Tennis federasiýasynyň (HTF) prezidenti Dewid Haggertiniň we Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) prezidenti Ýuriý Polskiniň ýurdumyza amala aşyran ilkinji iki günlük sapary Türkmenistanyň sport durmuşynda möhüm waka boldy. 27-nji martda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda HTF-niň we ATF-niň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy. Ýurdumyzda sporty goldamaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge aýratyn üns berilýär. Jenap Dewid Haggerti Türkmenistanda bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, döwlet Baştutanymyza Halkara Tennis federasiýasynyň güwänamasyny gowşurdy. Şonda hormatly Prezidentimiz HTF-niň güwänamasynyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we muňa Türkmenistanda tennisi ösdürmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn ulgamy döretmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyň halkara derejede ykrar edilmegi hökmünde baha berýändigini belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäniň sport giňişliginde, hususan-da, Halkara Tennis federasiýasynyň we Aziýanyň Tennis federasiýasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegi maksat edinýär. Şeýle-de HTF-niň hem-de ATF-niň ýurdumyzda we bütin dünýäde tennis sportuny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky başlangyçlaryny, tekliplerini goldamaga taýýardyr. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň sport infrastrukturasyny halkara tennis ýaryşlaryny, ýygnanyşyklaryny, ussatlyk sapaklaryny geçirmek üçin ulanmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

...Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň esasy girelgesiniň öňünde türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleriniň sergisi guraldy. Onda abraýly halkara ýaryşlarda gazanylan dürli derejedäki baýraklar, şekillendiriş we amaly-haşam sungatlary eserleriniň nusgalary görkezildi.

Olimpiýa şäherçesiniň üsti ýapyk tomaşa zalyna köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar we bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Hemmeler dabaranyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory, Halkara we Aziýa Tennis federasiýalarynyň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly ýaş türgenler we çagalar gatnaşdylar.

Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamany gowşurmak üçin Halkara Tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça jogapkär wekili SeýedAmir Borghei sahna çykýar.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegine, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin giň gerimli çäreleriň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, 40-a golaý desgany öz içine alýan ägirt uly Olimpiýa şäherçesinde dürli derejeli ýaryşlaryň geçirilendigi, mundan beýläk onuň Aziýa sebitiniň türgenlerini, milli ýygyndy toparlaryny dünýä hem-de Aziýa çempionatlaryna, Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin okuw-türgenleşik merkezine we kuwwatly binýada öwrüljekdigi bellenildi.

Güwänamanyň gowşurylmagy bilen gutlap hem-de Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çagalar tennis festiwalynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, jenap SeýedAmir Borghei şu günki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini belledi hem-de tennisi ösdürmäge berýän uly goldawlary, möhüm goşantlary üçin HTF-niň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirdi.

Türkmen tarapyndan çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň barha artýandygyny bellediler. Täze ugurdaş desgalaryň gurulmagy sport ussatlarynyň neslini kemala getirmäge ýardam berýär. Çärä gatnaşyjylar Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalaryna berlen ýokary baha hem-de Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylandygy üçin hoşallyk bildirip, bu çözgüdiň Türkmenistanyň ösen sport infrastrukturaly ýurt hökmünde ykrar edilmeginiň ýene-de bir güwäsidigini nygtadylar. Şeýle hem çykyş edenler sporty giňden wagyz etmek ugrunda aladalary, ýurdumyzda sport ulgamynda uly üstünlikleri gazanmak babatda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňra çagalar tennis festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Tomaşaçylaryň öňünde ýaş türgenler we tennis ussatlary görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Olar ellerindäki raketkalar bilen topy geçirmegiň haýran galdyryjy usullaryny, bu owadan oýnuň özboluşly tilsimlerini ussatlyk bilen görkezdiler. Ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaranyň şatlygyny artdyrdy. Bu çykyşlara akrobatikanyň, ritmiki we çeper gimnastikanyň, sportuň beýleki görnüşleriniň öwüşginlerini özünde jemleýän umumy tansy ruhubelentlik bilen ýerine ýetirýän türgenler hem goşuldylar.

Soňra baýramçylyk çäresine gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Çagalar tennis festiwalyna gatnaşyjylar türkmen sportunyň ösmegi, türgenleriň mynasyp derejede türgenleşmekleri, abraýly ýaryşlarda çykyş etmekleri ugrunda ähli şertleriň döredilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýygnananlar şu günki waka mynasybetli bilelikde surata düşdüler.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow