Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerledip
Hepdäniň wakalary
Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerledip
Çap edildi 26.05.2024
960

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy, ählumumy maksatlaryň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksatlary bolup durýar.

20-nji maýda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, galla oragy möwsümine gatnaşjak ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, gowaça meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklar berildi.

22-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bagtyýarlyk etrabyndaky bu möhüm desganyň gurluşygy Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Dost gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Arassalanan suw bu desganyň suw howuzlaryndan paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna iki ugur boýunça paýlanylar. Desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän, göwrümi 1 million kub metr bolan açyk görnüşli suw howdanyndan gözbaş alýar.

Desgada ornaşdyrylan dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary işleri ýokary derejede alyp barmaga, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Toplum birnäçe binalardan we suw saklaýjy howdanlardan ybarat bolup, bu ýerde 150-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi, dynç almagy üçin ähli şertler döredilendir. Täze agyz suwuny arassalaýjy desgada hereket edýän tehnologiýalaryň halkara standartlara laýyk gelýändigi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «PSE Engineering GmbH» kompaniýasynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Stambul tehniki uniwersitetiniň güwänamalary bilen tassyklanyldy.

Çäräniň çäklerinde döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň häkimine şäheriň ilaty üçin niýetlenen döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň, «Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň ýolbaşçysyna pudak üçin täze awtoulaglaryň hem-de ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.

22-nji maýda hormatly Prezidentimiz GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Myhman GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde berýän goldawy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda işjeň orun eýeleýändigini nygtady. Ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, ylym-bilim, medeniýet, sport ugurlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, daşky gurşawy goramak, şol sanda “ýaşyl” tehnologiýalary ösdürmek meselelerini çözmek bilelikdäki işiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenko, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Jamşid Kuçkarow bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, GDA-nyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy, energetika we ulag ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garaldy. Mejlisiň jemleri boýunça GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäherini “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüt hem bar.

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Mejlisiň gün tertibine milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, parlament tarapyndan alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk, dünýäniň esasy reýting agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, Kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak meseleleri girizildi. Şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä bilim giňişligine goşulyşmagy, nebiti gaýtadan işleýän desgalaryň durkuny täzelemek, täzelerini gurmak, gurluşyk pudagynda nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Milli senenamamyzdaky baýramlar we şanly seneler mynasybetli geçiriljek çärelere, dürli maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna, medeni-köpçülikleýin, bedenterbiýe-sport, sagaldyş çärelerine görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýdyldy. Şolaryň hatarynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Gurban baýramy mynasybetli guraljak dabaralar bar.

Daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny barha giňeltmegiň çäklerinde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň 12-nji mejlisini geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, hususan-da, Hytaý Halk Respublikasy, Ýaponiýa, Malaýziýa we Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek baradaky başlangyjy iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda halkara duşuşygy ýa-da maslahaty geçirmek teklip edildi. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi.

20-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

21-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de görnükli syýasatçy, parasatly döwlet işgäri, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň dikuçar heläkçiliginde aradan çykmagy zerarly gynanjyny beýan etdi. Hajy Arkadagymyz goňşy ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen gürrüňdeşligiň dowamynda şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan edip, Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyndaky matam güni bilen bagly öz saparyny amala aşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň “Ejlase-Saran” mejlisler merkezine geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygy Golam-Hoseýn Esmaili bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň döwlet ýolbaşçylaryna we ähli halkyna hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gynanjyny beýan etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde guralan hatyra çäresinde merhum Prezident Seýed Ebrahim Raisiniň imanynyň hemra, jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagyny dileg etdi. Hajy Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet ýolbaşçylaryna we beýleki wekillerine, Eýranyň tutuş halkyna, heläk bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna ruhy durnuklylyk baradaky dileglerini beýan etdi.

Geçen hepdede Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň martynda döredilen bu gazna ugurdaş edaralara hemmetaraplaýyn kömek bermek bilen, ýaş nesliň saglygyny goramak üçin uly işleri alyp barýar. Gaznanyň bank hasaplaryna raýatlardan, edara görnüşli taraplardan gelip gowuşýan pul serişdeleri howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, bejergi çykdajylaryna, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän, okaýan ýaş raýatlar üçin lukmançylyk serişdelerini satyn almaga tölegleri geçirmek üçin peýdalanylýar.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Magtymguly Pyragynyň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny beýan edýän, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlary girizilen «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan bu goşgular ýygyndysy türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitap görnüşinde neşir edilip, onuň bezeginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndan suratlar ulanyldy.

Paýtagtymyzda geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergide şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, mümkinçilikleri, bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary giňişleýin görkezildi. Sergä ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň kärhanalarynyň, kompaniýalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň 160-dan gowragy gatnaşdy.

25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni we “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli çäreler geçirildi. Okuw ýylynda sport, döredijilik bäsleşiklerinde, ders olimpiadalarynda tapawutlananlara we bilim ulgamynyň işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Uçurymlaryň hormatyna hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda aýdym-sazly, medeni-köpçülikleýin çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Arkadag şäherinde şeýle dabaralar ilkinji gezek geçirildi.

Şol gün paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ilatyň halkara ölçeglere laýyk gelýän amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Däp bolşy ýaly, maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi. Bu baýram mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, pudagyň zähmetkeşleriniň bir toparyna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny depginli ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow