Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 26.05.2024
1608

Çuňňur hormatlanylýan
Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak ugrunda alyp barýan döwletli işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Türkmen halysy türkmen zenanlarynyň yhlasy, mähri siňen, häzirki güne çenli hem dünýä halklaryny haýrana goýýan özboluşly, nepis sungatdyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy boýunça özüne taý tapylmaýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Ene-mamalarymyzyň naýbaşy el işleriniň biri bolan türkmen halylary ýekeje çitimden başlanyp döreýän gudratdyr, halkymyzyň milli gymmatlygydyr, türkmeni dünýä tanadan ajaýyp sungatdyr. Döwlet nyşanlarymyzda haly gölleriniň ýerleşdirilmegi türkmen halkynyň ata-babalarymyzyň wesýetlerine, milli däplerine we ýörelgelerine wepalylygynyň nyşanydyr. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek, gadymy halylaryň asyl nusgalaryny aýawly saklamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilip, olarda gelin-gyzlaryň zähmet çekmegi, dynç almagy üçin amatly şertler döredilýär. Belent şöhrata eýe bolan halyçylyk sungatynyň ösdürilmegi, halyçylaryň öndürijilikli zähmetine sarpa goýulmagy we haly dokamakda tapawutlanan ussat halyçylarymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda döwlet sylaglarynyň berilmegi, hormatly atlaryň dakylmagy döwlet tarapyndan edilýän aladanyň aýdyň beýanydyr. Siziň mähriban käbäňiz, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy, ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň uzak ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň gadymy halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine, ýaş nesillere miras galdyrylmagyna goşan goşantlary hem uly hormat-sarpa mynasypdyr. Onuň türkmen halkynyň durmuşynyň, ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegine, mukaddesligine öwrülen bu inçe sungata bagyş eden durmuş we zähmet ýoly häzirki halyçylarymyz üçin görüm-göreldedir.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergileriň, türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky mejlisiniň we aýdym-sazly dabaralaryň giň gerimde geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösýän esasy pudaklarynyň birine öwrülen, iň kämil tilsimatlary özünde jemleýän Türkmenistanyň dokma senagaty bu gün öňdebaryjy tejribeleri bilen dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Sizi toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzda mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin. Goý, çeper elli, uz barmakly halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

Gahryman Arkadag

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
18.09
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
17.09
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
17.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň saýlanan Baştutanyny gutlady
16.09
Türkmenistanda zähmet bazaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
15.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Häzirki döwürde amala aşyrylýan köpugurly maksatnamalaryň, özgertmeleriň ählisi her bir adamyň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerini göz öňünde tutýar
top-arrow