Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Watanymyzyň Döwlet nyşanlarynyň hormatyna sungat ussatlarynyň konserti
Medeniýet
Watanymyzyň Döwlet nyşanlarynyň hormatyna sungat ussatlarynyň konserti
Çap edildi 18.05.2024
2459

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Döwlet gurluşynyň ýörelgelerini we halkymyzyň gymmatly demokratik tejribesini özünde jemleýän ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen hem-de Garaşsyz Watanymyzyň mukaddes baýdagynyň döredilen gününi özboluşly mazmun bilen birleşdirýän umumymilli baýramçylyk jebisligimizi şöhratlandyrýar, ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy we belentde parlaýan Döwlet baýdagymyz şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar döwrümize, ýagty geljegimize şaýatlyk edýän, agzybirligimizi, buýsanjymyzy görkezýän milli gymmatlyklardyr.

Sizi agzybirligimizi we bitewüligimizi alamatlandyrýan, demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Baýramlarymyzyň baýramlara, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem, däp bolşy ýaly, bu baýram mynasybetli geçiriljek dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşler ýoly bilen beýik geljege tarap ynamly öňe barýan mähriban halkymyzda ýatdan çykmajak buýsançly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýär.

Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge medeniýet ulgamynyň wekilleri-de öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Häzirki wagtda medeni diplomatiýa halkara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda ähmiýetli orny eýeleýär. Nesilleriň taryhy dowamaty, halkymyzyň baý ruhy mirasynyň ähmiýeti baýramçylyk maksatnamasynyň çykyşlarynyň başyny başlan “Oguz hanyň pendi bir beýik taglym,//Parlap duran ýaşyl tuguňa tagzym!” atly edebi-sazly kompozisiýada aýdyň beýan edildi. Ol ýurdumyzyň halk artistleri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleri tarapyndan belent heňde ýerine ýetirildi. Ol söz, aýdym, saz we tans sungatyny özünde jemläp, baýramçylyk çykyşlaryna ruhubelentlik ýagdaýynda badalga berdi. Şeýle belent heňde başlanan konsert meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň, horeografik-folklor toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki özboluşly çykyşlar bilen dowam etdi.

Tomaşaçylar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyna bagyşlanan “Arkadagly Gahryman Serdar bilen!” atly aýdymy hem-de beýik nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen “Türkmeniň” atly aýdymy aýratyn ruhubelentlik bilen garşyladylar. “Monjugatdy”, “Mirasyň dürdäneleri”, “Türkmen toýy” atly çykyşlar milli sungatymyzyň däplerini beýan etdi. Şol çykyşlar bilen utgaşyklylykda Döwlet tans toparynyň, “Galkynyş”, “Näzli”, “Meňli”, “Miras”, “Serpaý” toparlarynyň we beýlekileriň çykyşlary ýerine ýetirildi. Köp sanly tomaşaçylar ýurdumyzyň aýdym-saz toparlarynyň ajaýyp çykyşlaryna agzybirlik bilen el çarpdylar. Gözel paýtagtymyza bagyşlanan “Aşgabat” atly çykyş baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.

Gadymy “Küştdepdi” tansy dabaranyň aýratyn ünsi çeken bölegine öwrüldi. Ol halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde biziň günlerimizde täze many-mazmuna eýe boldy. Munuň şeýledigini “Laçyn” folklor topary ajaýyp çykyşy arkaly giňden açyp görkezdi. Konsert “Alkyş Size, Gahryman Arkadagly Serdarymyz!” atly aýdym bilen tamamlandy.

Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli şäherdir obalarynda-da dabaralar geçirilip, olaryň dowamynda Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýaňlandy.

Soňky habarlar
26.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
26.12
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmek hakynda
26.12
Çagalaryň baýramçylyk dabaralary
25.12
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
25.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
25.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
25.12
Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky üstünliklerine bagyşlanan dabara
24.12
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip
24.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
23.12
Türkmenistan — BMG: ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyryp
top-arrow