Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Bäş müňe golaý mekdep okuwçylary ýurdumyzyň çagalar sagaldyş merkezlerinde gyşky dynç alyşlaryny geçirýärler
Jemgyýet
Bäş müňe golaý mekdep okuwçylary ýurdumyzyň çagalar sagaldyş merkezlerinde gyşky dynç alyşlaryny geçirýärler
Çap edildi 06.01.2017
2102

Mekdep okuwçylarynyň 3,5 müňe golaýy Gökderedäki sagaldyş merkezleriniň 14-sinde gyşky dynç alyşlaryny geçirýärler. Olaryň hatarynda paýtagtymyzyň “Döwletliler köşgünden” 240 çaga we Balkanabadyň çagalar öýünde terbiýelenýän 100 çaga bar. Mundan başga-da, welaýatlardaky çagalar sagaldyş merkezleriniň bäşisinde häzir oglan-gyzlaryň 1360-sy dynç alýar. Bilim, Medeniýet ministrlikleri, Sport baradaky döwlet komiteti jemgyýetçilik guramalary bilen bileleikde çagalar üçin Türkmenistanyň Prezidentinden sowgatlaryň gowşurylmagy bilen Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralaryny, sirk, estrada, teatr artistleriniň çykyşlaryny, dürli döredijilik we sport ýaryşlaryny özünde jemleýän çäreleriň uly maksatnamasyny taýýarlady. Mysal üçin, Gökderäniň çagalar sagaldyş merkezleriniň toparlary iň oňat teatrlaşdyrylan sahna, iň gyzykly aýdym-saz, tans çykyşy, gurjak oýny, iň ajaýyp el işleri we beýlekiler boýunça ýaryşlaryň tapgyrlarynda baýrakly orunlar ugrunda bäsleşerler. Çagalar şeýle hem merkezleriň arasynda geçirilýän ýangyna garşy tejribe ähmiýetli sport, türkmen milli oýunlary, küşt, şaşka, düzzüm-oýny, stol üstünde oýnalýan tennis we beýlekiler boýunça ýaryşlara gatnaşarlar. Dynç alýan ýaşlaryň şu günler garşylaýan myhmanlarynyň arasynda belli türgenler, meşhur aýdymçylar bar.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow