Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 21.04.2024
1985

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Filippinler Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Bu nurana baýramda filippin halky tutuş dünýäde parahatçylyk barada doga-dileg edip, Türkmenistan bilen raýdaşlygyny beýan etdiler.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, türkmen halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ferdinand Markos,

Filippinler Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymyzy beýan edýäris.

Singapur Respublikasynyň Premýer-ministri

Li Sýan Lun maşgalasy bilen.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Sizi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, bu baýram Size we Türkmenistanyň halkyna bagtyýarlyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk getirsin!

Abiý Ahmed,

Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

 Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Size berk jan saglyk, ähli musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Beýik Biribardan Siziň tutan orazalaryňyzy, okan tarawa namazlaryňyzy we sogap işleriňizi öz dergähinde kabul etmegini, döwletlerimiziň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary dowamata atarmagyny, iki ýurduň halkyna rowaçlyk, abadançylyk eçilmegini dileýärin.

Muhammad Ýunus Al-Manfi,

Liwiýanyň Prezident Geňeşiniň Başlygy.

Soňky habarlar
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow